sanjar_officiall
03.06.2022 06:35
Pikir ediň... Bankda siziň şeýleräk hasabyňyz bar. Hasabyňyza her gün ir bilen 86.400 dollar pul goýulýa. Emma bu puluň ählisini bir günüň içinde sowmaly, ýogsa erteki güne geçirip bolonok. Puly ulansaňyzam, ulanmasaňyzam hasabyňyz her gün agşam boşadylýar. Näme ederdiňiz? Elbetde puluň ählisini sowmak islärdiňiz. Umuman biziň ählimiz WAGT atly bu Bankyň müşderileri.
Her gün irden 86.400 sekunda eýe bolýas erteki güne geçirip bolonok. Her irden hasabymyz dolýa agşam boşaýa. Yza ýol ýok. Sekuntlaryň ählisini ulanjak bol.
Bagt, Saglyk, Üstünlük gazanmak üçin wagt gidip dur. Her gün iň gowusyny başar.
Bir ýylyň gadyryny.. bir ýyl okuwundan galan okuwçydan sora..
Bir aýyň gadyryny 8 aýlyk çaga doguran eneden sora..
Bir hepdäň gadyryny.. ýene bir hepdesi galan esgerden sora..
Bir sagadyň gadyryny.. bir birine garaşýan aşyklardan sora..
Bir sekundyň gadyryny.. Ýol betbagtçylygynyň öňüni alyp bilmedik sürüjiden sora..
Bir sekundyň ýüzde biriniň gadyryny.. Olimpiadada kümüş medal gazanan ylgawçydan sora..
Unutma..! Wagt hiç kim üçin duranok..
Geçen wagt geçmişdir.. Geljek bolsa seniň özüňe bagly. Belki ýagty ýol belki-de tümlük..
Wagtyň boşa gidirme.. Ýagty ýol hemraň bolsun.

*iamsanjar
13
76
sanjar_officiall
3 Iýun 2022
Papinadocka,Harika😇,Perman.,MissBoss♕,👍👍👍👍
MissBoss♕
3 Iýun 2022
👌🏻👌🏻👌🏻🔥
unknown_12
3 Iýun 2022
Хакыкы👍
Papinadocka
3 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
ay_kiz_
3 Iýun 2022
Harika☺👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.