Archi
03.06.2022 01:27
Köneçil ýarym bilen jedel...


Meniñ söýen ýarymyñ,
Şeýle gözel görki bar,
Gözellikde beýleki,
Gyzlardan köp parhy bar.

Emma ol ýar köneçil,
Egninde-de keteni.
Göýä şol köne köýnek,
Oñ arzuwlap ýeteni.

Diýdim bir gün “Söýenim,
Senem döwrebap bolaý,
Hanha ähli gözeller,
Pommaha geldi golaý”.

Hat-da olañ käbiri,
Ýupkajygam geýipdir.
Çünki olar bu döwrüñ,
Lezzetini duýupdyr.

Diýdi:-Gutaran bolsañ,
Indi sen meni diñle.
Duşanyma utanýan,
Sen dek kellesi ýeñle.

Geýen geýmim ýakmasa,
Hanha ýollaryñ açyk.
Emma beýle söýgi diýp,
Bilmen däbimden geçip.

Barda hanha ýar bolaý,
“Undanlara Türkmenligin”.
Sen dek ýeñil kelle diýp,
Unutmaryn Türkmenligim!!!

Bu sözlerden soñ ony,
Has-da söýüp başladym.
Ýubkaly gyzlara göz,
Gyzdyrmamy taşladym.

Şeýdip bile ýöredik,
Köne, bagtly ýol bilen.
Men jedelde ýeñildim,
Hasap: 2:0 bilen.
6
51
ay_kiz_
3 Iýun 2022
Archi, Ämin☺
Archi
3 Iýun 2022
Serwi,😊
Archi
3 Iýun 2022
Serwi,sps

Harika😇, aýdanyň gelsin
ay_kiz_
3 Iýun 2022
Archi, 😁👏👏👏👏
Archi
3 Iýun 2022
Harika😇, howwa 😊olam az oňa
ay_kiz_
3 Iýun 2022
2:0-my 😁😁😁 şeýle gyzlaryň sany köp bolsun😇
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.