Jenap_02
02.06.2022 21:50
Ýakynda, Moskwa şäherinde «Ak halatly gahrymanlar» atly Lukmanlar barada — 2021 Bütinrussiýa baýragynyň jemi jemlenildi. Bu baýrak ugrunda ildeşimiz ýagny, Moskwanyň A.S.Loginow adyndaky kliniki ylmy merkeziniň çanaklyk organlarynyň onkologiýa hirurgiýasy bölüminiň hünärmeni Muhammetsähet Saryýew «Moskwada iň gowy onkolog lukman» diýen ugurda birinji orny eýelemegi başardy.

Muhammetsähet Saryýew barada biraz durup geçsek, ol 2013-nji ýylda Aşgabatda Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlady. 2013 — 2015-nji ýyllarda ordinaturada okady. 2018-nji ýylda Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «N.N.Blohin adyndaky Milli lukmançylyk onkologiýa barlag merkeziniň» Federal Döwlet býujet edarasynyň aspiranturasyna girdi.

Muhammetsähet Saryýew dürli ýyllarda dürli wezipelerde ýurdumyzda zähmet çekdi. Ýagny ol 2015 — 2017-nji ýyllarda Saryýew Marynyň harby gospitalynyň «Ýörite hirurgiýa» bölüminiň müdiri, 2017 — 2018-nji ýyllarda Aşgabatda Enäniň we çaganyň ylmy barlag merkezinde ginekolog bolup işledi. Ol häzirki wagtda Moskwanyň A.S.Loginow adyndaky kliniki ylmy merkeziniň çanaklygyň düýbüniň onkohirurgiýa bölüminde onkolog lukman bolup zähmet çekýär.
18
277
Jenap_02
13 Iýun 2022
Ayjennet, men oz surotym goymayyn onna 😁
perizadym
3 Iýun 2022
👍👍👍👍👏👏👏
Ayjennet
3 Iýun 2022
Özä krasawçik eken 😊😊😊 ustunliklerinin höwri kop bolsun
Dusia
3 Iýun 2022
ŞirnazarTaganow, itergi bärdede bar... Esasy zat çäksiz isleg gerek
ŞirnazarTaganow
3 Iýun 2022
"Talantlara" daşary ýurtlarda üstünlige ýetmegine itergi ägirt.👏👍
Dusia
3 Iýun 2022
😊👏👏gutlaýan agam 🤗
Dusia
3 Iýun 2022
Jenap_02, 😏 saňada nesip etsin
Jenap_02
3 Iýun 2022
Chamomilae🌼, bashlyk adamda inni😉
Dusia
3 Iýun 2022
Özi bilenä tanyş däl ýöne kakasyna hormatym uly... Umuman kakasy tm-da ady belli onkolog _ginekolog👍
Bilesigeliji
2 Iýun 2022
Makala gowy bolupdyr beğendim sağ bol bol maglumat ucin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.