Aysona1997
02.06.2022 08:31
Diýmeli ekeniň


Eger sen özgäni halaýan bolsaň
Özgäni halaýan diýmeli ekeniň
Sen meni yzyňda köydürip ýörmän
Özgäni halaýan diýmeli ekeniň


Bagt dälmi söýgi bilen ýaşamak
Tolgundyrjy duýgy bilen ýaşamak
Seret maňa gözlemdäki ýaşa bak
Özüňi ýerimde goýmaly ekeniň


Bagtym tagtym diýip işleýän bolsaň
Yüregiňde arzuw besleýän bolsaň
Bagtly bolmagy isleýän bolsaň
Seni söýýän adamy söýmeli ekeniň


Yşga düşdüm däli diwana boldum
Biwepa ekeniň men indi bildim
Bu gün göz yaş döküp gaşyma geldiň
Indi giç wagtynda gelmeli ekeniň.
10
60
Keremaly.
2 Iýun 2022
iamsanjar,dertdeş ekenık 😅😂
sanjar_officiall
2 Iýun 2022
Näme teswir ýazjagymy bilmän oturanyma 27 min bolupdyr👏👏👏
Relax
2 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
A.G.S
2 Iýun 2022
Koment bellarlik dal mlds🌹♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.