Archi
02.06.2022 00:12
Täsin söýgi...

Gan akdyryp huzuryña baramda,
Derman bolduñ ganly ýara lukman gyz.
Gözlermiñ garasy seni görende,
Eglenip-eglenip geçýär hökman gyz.

Arassa eliñe şübheler edip,
Mikrobdan goranyp geýdiñ ak ellik.
Ilkinji bu eden hereketiñe,
Baha berip goýdum beýnimde bellik.

Arassalap gyzyl gandan ýüzümi,
Mylaýym elleriñ getirdi huşa.
Gözlem seni gördi ýadymdan çykdy,
Kellämde döwülen şol arak çüýşe.

Hawa unutdym men ýene kän zady,
Gözelligiñ unutdyrdy dünýäni.
Näm: üçin eneleñ bary doganok,
Perişdä bäs etjek gyzy sen ýaly???

Seni dogran enäñ ömrüne güller,
Goý ejeñ ýaş bolsa ýene dogursyn.
Şeýdip maşgalañyz dünýäni ýykjak,
Betgelşik duýgulañ ýoluny pozsun.

Şprisiñe jemläp dermanyñ köpün,
Ýanbaşyma sünjüp guýup goýberdiñ.
Demir iññäñ bilen awundyrsañam,
Agrygy duýmadym gúlüp goýberdim.

Penseline, nowakaini garyp,
Dimedrolam urup özüñ dürsediñ.
Wah olar hiç welin şiprise salyp,
“Söýgidrol” uranñy sen bir bilsediñ.
11
122
Archi
2 Iýun 2022
Serwi, geçeni geçdi bileli-le öçen ody täzeden ýakyp bolarmy...
Archi
2 Iýun 2022
Serwi, öňki ýalňyşlarym üçin...
Archi
2 Iýun 2022
Serwi, hawa ýöne özime gaharlanýan ....😇
Archi
2 Iýun 2022
Serwi, prosta ... 😡
Archi
2 Iýun 2022
Harika😇, howwa girenok mende postyňa ýazynmy et iň gowsy şu
Archi
2 Iýun 2022
Serwi, belki şeyledir senden gorkybam başladym...
ay_kiz_
2 Iýun 2022
Köwser, Archi, gördüňizmi?🙂
Archi
2 Iýun 2022
Harika😇, aha bolýa Serwi, erbet düýş gördiňmi?...
ay_kiz_
2 Iýun 2022
Iň soňky postuma serediň suratyny goýjak
Archi
2 Iýun 2022
Harika😇, gözleýän diskyňda ýokmy gadyrdan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.