Paradise
01.06.2022 17:23
Yza dolasadym bolsady öwrüm,
Bu durmuşyň çarkandykly ýollaryn.
Ömrümde bagtyýar nowjuwan döwrüm,
Ah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym.

Ýaşadym umumy ýatak jaýynda,
Boldy kreý töläp ýaşan aýym-da.
Sagbol ornum boldy bagtyň paýynda,
Ah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym.

Iň soňky döwrebap eşik geýmişem,
ençe-ençe gözelleri söýmişem.
Barysyna söýýän sizi diýmişem,
Ah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym.

Näçe-näçe synaglardan geçdim men,
Köp zat okap köp zatlary eştdim men.
Bir ajaýyp täsin dünýä düşdüm men,
Ah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym.

Kalbymdaky bir ummasyz baýlykdyr,
Owal-ahyr ýüregimde şalykdyr.
Ýadygärlik nyşan bolup galypdyr,
Ah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym.


Şu gun 5 kurslarymyzyn sonky jañyna taýyarlanyp otyranlaryny gorup ozum birhili bolyp gitdim mana yene 1 yyl bar yone sondada 5 yyl bile okap dogan yaly bolyp giden kursdaslaryndan ayrylmak oran kyn.Durmusynda indi hic wagt gaytalanmajak in gowy dowrun eken talyplyk dowri.....
48
68
ay_kiz_
1 Iýun 2022
👏👏👏👏👏
❤GÜLHANYYM❤
1 Iýun 2022
Öz ömrüniñ ýazyjysy...
ylham_gurbanaly
1 Iýun 2022
Her döwriň gadry aýratyn. Talyp döwri-de asla unudymajak)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.