perizadym
31.05.2022 00:07
<<Iýmitlenmek bilen baglanyşykly dogrudyr öýdýän 5 ýalňyşlygymyz >>
1 " Naharlamanazdan öň limonlu suw içmek horlanmagymyza peýda edýär "
ÝALŇYŞ : limonly suw biziň horlanmagymyza täsirini ýetirmeýär. Tersine ol aşgazan agyrysyndan ejir çekýän adamlara zyýanly.

2" Agşam sagat 18-den soň iýilen nahar biziň semremegimize sebäp bolýar"
ÝALŇYŞ : agşam gündizkilere görä biraz ýeňil zatlar bilen iýmitlenmek gije rahat ýatyp bilmegimiz üçin zerur zatlaryň biridir. Çünki gije gündiz kä seredende hereketiň az bolmagy sebäpli kyn siňdirilýär. Gündizki sarp edilen energiýamyz bizi agşamky iýen zatlaryň sebäpli semremekden saklaýar. Sebäbi biz şol energiýanyň öwezini doldurmak üçin iýip içýäris.

3" Etdir ysmanak bilen bilelikde gatyk içmek zyýanlydyr"
ÝALŇYŞ : bu ynanjyň düýp sebäbi demir bilen kalsiňiň biri birine täsirinden gelip çykýar. Ýöne bu demire we kalsiye bay bolan azyklar deňine iýilende o diýen täsir etmeýär. Diňe düzüminde demir we kalsiý bolan derman serişdelerini ulanylan adamlara etdir ysmanak bilen gatyk garyp iýmek maslahat berilmeýär.

4"Çöregi ikinji ýola gyzdyrylanda düzümindäki witaminlerini azaldýar"
ÝALŇYŞ : çörek hiç haçan ikinji gezek gyzdyrylmasy bilen düzümindäki witaminlerini ýitirmeýär.

5"Holesterin keseli bilen kesselänler et iýmeli däl"
ÝALŇYŞ : tersine etiň düzüminde B12 bardygy üçin bu kesel bilen kesellänlere et iýmek maslahat berilýär. Ýokarky garaýyşda eti iýmek düzgüni we mukdary aýdyljak bolmaly. Çünki holesterin keselli adamlara eti hepdede 2 gezejik , ondada-da 90 gramdan geçmeýän mukdarda iýmek maslahat berilýär.


7
78
perizadym
31 May 2022
Öwrenmeli.App, sagboluñ , ýaryşy geçireniñizede. Azrak bolsada owrendim , bilyanlarmem synap gordum. Sagboluñ , hökman däl puly.
Archi
31 May 2022
Sagbol bilmeýenlerimi bildim👍👍👍👍
ylham_gurbanaly
31 May 2022
Gaty gowy, oñ okamokdym👏👏👏
perizadym
31 May 2022
Perman.,sagboluñ
unknown_12
31 May 2022
Пейдалы пост👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.