~ "Nikaňyzy beýleki adamlaryň nikalary bilen deňeşdirmäň. Ertekiler bilen aldanmaň, sebäbi olar hakyky däl. Kämillik gözlemäň, hiç birimizem kämil däl ...
~ Bir-biriňiziň geçmişinden sorag etmäň, ady aýdypdura GEÇMİŞ geçip gidipdir ýagny sorag edeniň peýdasy ýok . Ýoldaşyňyzyň siziň aklyňyzdan geçýän pikirleriňizi duýmagyna garaşmaň, gynansak-da, muny hiç kim edip bilmez; Isleýän ýa-da islemeýän zadyňyzy açyk we göni şekilde aýdyň. Hemme zady gürleşmek arkaly çözüp boljakdygyna ynanýaryn.
~ Biri-biriňize ýalňyz hem birzatlar ýaşar ýaly ýer, wagt, pursat galdyryň, sebäbi durmuş gurduk diýip hemme zady hökman bilelikde etmeli diýilýän zat ýok. Gaty tanyş bir hekaýa bar. Kirpiler ýoldaşlaryna tikenleriniň uzynlygy ýaly ýakynlaşýar ekenler; Sebäbi bilýän ekenler gaty ýakynlaşanda tikeniniň çümjekdigini we ýoldaşynyň ýaralanajakdygyny.
~ Biri-biriňize zyýan bermezlik üçin şol ýaşaýyş meýdanyny birek-birege galdyryň. Nikaňyzy ýaşap ýörkäňiz biri-biriňizi hasaplamaň. Hasapsyz ýaşaň, kartalara seretmän syýahat ediň. Birek-biregiň eýesi däl-de, ýoldaşy bolmaga synanyşmagyňyzy haýyş edýärin.
~ 'Hemme zat gowy bolar diýip söz bermäň. Gynansagam, beýle bolmaýar, ýöne birden: 'ähli zat erbetleşsede, ýene-de men seniň ýanyňda bolaryn' sözüni ulanyp bilersiňiz bu söz has gymmatlydyr. Birem gaty gowy görýän bir sözüm bar: 'Ses ýaňlanyşyny duýmasa, ýok bolar gider we adamlar hem şeýle . "
~ Bir- biriňize aýdýan zatlaryňyza gulak salyň diňläň we näme diýjek bolýanyňyza düşünmäge synanyşyň. Bir-biriňiziň ýaňlanmagy boluň, ýitip gitmäň."