AJAÝYP DURMUŞY ISLEÝÄN ADAMYŇ
ÝOLMALY ON GÜLI
1. Säher bilen turup, toba etmek
2. Pikirlenmek üçin ýalňyz bolmak we wagt tapmak
3. Ýagşy adamlar bilen söhbetdeş bolmak
4. Zikr, şükür etmek
5. Ýürekden berlip, iki eglim namaz okamak6. Okaýan zadyňa amal etmek niýeti bilen, kitap (Gurhan) okamak
7. Jöwzaly, yssy günlerde hem agyz beklemek
8. Ile äşgär etmän sadaka bermek
9. Musulman doganyň gaýgy-gamyny egismek
10. Dünýä durmuşyna gereginden artyk köňül bermezlik.
Nuh pygamberiň oglunyň näme sebäpli betbagt bolandygyny
bilýänsiň. Ol «Bir dagyň üstüne özümi ataryn, ol meni tupandan, suwdan gorar» diýipdi. Eger-de ol barça zadyň eýesi, älemleriň Perwerdigärine ýykylan bolsa, has gowy, has bagtly, has howpsuz bolardy.
Nemrudyň näme zerarly betbagt bolandygyny bilýänsiň. Ol
«Men direldibem bilýän, öldüribem» diýipdi. Ol özüne gelişmeýän
dona bürendi, lap urdy, uly gürledi, özüne laýyk bolmaýan şekile girdi, diýmäge haky bolmadyk sözleri diýdi. Şeýdibem ol gözden düşdi,
işi bulaşdy, ahyry weýran boldy.
Bagtyýarlygyň açary bir sözdür, milletiň mirasy bir sözlemdir,
üstünligiň tugy bir jümledir. Bu söz, sözlem we jümle bolsa şudur: Lä
ilähe illallah, Muhammedur-rasululullah.
Ýerde bu sözleri aýdan ynsanyň bagtyýarlygy – asmanda oňa
«hak sözlediň» diýler.
Bu sözlere amal eden ynsanyň bagtyýarlygy – ol heläk bolmakdan, şermendelikden we dowzah odundan aman bolar.
Bu sözleri ündän adamyň bagtyýarlygy – ol elmydama Allanyň
ýardam-enaýatynyň astynda gezer.
Bu sözleri diýen adamyň bagtyýarlygy, Hak dergähinde we halk
arasynda eziz hem-de hormatly bolar.
Bilal gul bu sözleri pyşyrdap, erkinlige ýetdi. Ebu Leheb Haşymy
ol sözleri aýtmagy agyr gördi, hiç hili gadyry bolmadyk hor-homsy
bolup dünýäden ötdi. Ol söz ynsanyýet akymyny (toparyny) päkize
ylahy beýikliklerine alyp çykýan dirilik suwudyr. Ýagşy işlerden ýüz öwren bolsaň, bu dünýä üçin söýünme. Çünki
tükeniksiz ejir seniň ýoluňdadyr, bagtsyzlyk seni ýuwutmak meýlindedir.
Biribar Taňrydan ýüz öwren bolsaň, beren perzendi bilen söýünmegin. Biribardan ýüz öwürmek tükel hor-harlyk, düýpli ýitgä uçramak we mertebäňi ýitirmekligiň aňry çägidir.
Amallaryň ýaramaz bolsa, mal-mülküň bilen söýünmegin, çünki
ýaman amalyň soňy «waý» bolar, dowamy zowal bolar. Ahyrynda bolsa nälete uçrarsyň.