Adamsyň
Tizden tiz ejeňi göresiň gelse
Ol ejezlik däldir gizleme rastyň
Ýurt üçin janyňy beresiň gelse
Diýmek sen adamsyň, adamsyň dostym
Asmandan gözlemän ýeriň ýamagyn
Çözsen öz ýalňyşlaň syrly ýumagyn
Ýetimi görse dolsa damagyň
Diýmek sen adamsyň, adamsyň dostym
Halk bilen deň ýöräp ýodadan çykman
Haram gazanç iýip bagazyň dykman
Ömriň geçse ataň raýyny ýykman
Diýmek sen adamsyň, adamsyň dostym
Bala eliň batyr barmagyň ýala
Emme şol bal üçin öwrülme gula
Dost wepasyn çalşyp bilmeseň pula
Diýmek sen adamsyň, adamsyň dostym
Erkekmi erkek bol häleýler köpä
Aslyň dagmy ownap öwrülme däpe
Senki artyk daşyň durşyna gepä
Il gürlese gürläp dymylsa has dym
Şonda sen adamsyň, adamsyň dostym
Şonda sen adamsyň, adamsyň dostym
Bölim:GoşgylarArchi tarapyndan paýlaşyldy