Syr
28.05.2022 18:02
Saçak ýygnaldygy gybat başlanýar,
Topby,ýaglyk aýak uja taşlanýar.
Gülküleri goñşy jaýa eşdilýär,
Üýşülende aýaldoganlar bilen.

Hersi gürrüñ berýär bolan wakany,
Boşadýarlar içi çaýly käsäni.
Wada berip,doldurýarlar kisäni.
Üýşülende aýaldoganlar bilen.

"A gyz'' dan başlanýar gürrüñleñ başy,
Saýlanok kiçini ýa uly ýaşy.
Tomaşa öwrülýär töwerek daşy,
Üýşülende aýaldoganlar bilen.

Çagalrynyñ hersin bir ýan kowarlar,
Bir-birlerini taryp edip öwereler.
Şol gijäni şeýdip hezil sowarlar,
Üýşülende aýaldoganlar bilen.
9
92
Papinadocka
29 May 2022
Hakyky dayzalam bize usenne😄👍
Myhman Myhman
28 May 2022
Gaty dogry
unknown_12
28 May 2022
😊😊😊👍👍
Syr
28 May 2022
CrAzY Girl,begenjiñden aglamasyny goyup bilman gitdi yone geldi.
ay_kiz_
28 May 2022
Hehe😁 hakyky, daýzalam bir ýere üýşäýse, obada gepi edilmedik adam goýanoklar, olaryň diline düşen özüň bolma😂🤣
Syr
28 May 2022
Geläýin barigem gelmedikler.
ylham_1989
28 May 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻✔️
Şamko
28 May 2022
Syr,Like bro
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.