zumerret_
28.05.2022 05:08
ÜSTÜNLIGIŇ SYRY
Kämillik ýoluna höwesek talyplaryň biri Abu Sagyt Mäne
babanyň huzuryna baryp, ondan üstünligiň syry hakda sorapdyr. Mäne
baba birsellem içini hümledip oturypdyr-da: «Sen gowusy indiki hepde aýlan, oňa çenli üstünlige eltýän iň ygtybarly ýoluň nämedigini
anyk bilip goýaryn» diýipdir. Aýdylan hepdesi ýaş ýigit piriň öýüne
gelipdir, emma Mäne babany tapmandyr. «Ol az salym mundan öň pylan tarapa rowana boldy. Siz bu gün gijä galdyňyz, indiki hepde
irräkden aýlanyp görüň, ol wagta çenli ussadymyz yzyna dolanar»
diýip, piriň şägirtleriniň biri dillenipdir. Üstünligiň ygtybarly ýoluny
bilmek höwesi ýaş ýigidi erkine goýmandyr. Garaşmak hernäçe kyn
bolsa-da, sabyr-takat edip, ýene bir hepdesini geçiripdir. Bu gezegem
gijä galaýmaýyn diýip, daň tilkiguýruk bolandan ýola düşüpdir. Piriň
howlusynda hälki şägirtleriň biri muny garşylapdyr: «Siz bu gün gaty
irläpsiňiz. Ýöne barybir pire ulaşmak miýesser etmese gerek, ol şu
säherden başlap kyrk günlük çillesine oturdy. Şol möhletden soňra
aýlanyň, belki hajatyňyz hasyl bolar» diýipdir. Ýaş ýigidiň bu sözlere damary dartylypdyr, seňrigini ýygrypdyr, emma gaharyny ýuwdup saklanypdyr. «Horasanyň at-owazaly pirinden bilmek isledim,
bary-ýogy kelam agyz söz, bilýän adam üstünligiň syryny bir demde
hem aýdyp biler, emma munça wagt yza çekdirmegiň haýry nämedekä?» diýip, içini gepledipdir. «Her zatda haýyr bar, munça bolanyna
görä, ýene bir pille sabyr edeýin, piriň keramatly agzyndan eşitmek
ak pata alan ýaly bolar» diýip, ýaş ýigit mejbury yzyna dolanypdyr.
Arasynda mahal-mahal bu pikirinden, maksat-matlabyndan däneýin
hem diýipdir, emma bir başlan işini orta ýolda bes etmek islemänsoň,
kyrk günden soňra gaýtadan Mäne babanyň huzuryna dolanypdyr.
Peşeneli pir bu ýigidi güler ýüz bilen garşylapdyr. «Oglum, üstünlige eltýän iň ygtybarly ýoluň nämedigini özüň bilýärkäň, özgelerden
soramak zerur däldir. Sen şunça wagtlap bir pikiriň, bir hyýalyň
yzynda göwnüňi bölmän ylgadyň, yhlas etdiň, garaşdyň. Üstünligiň
syrynyň nämelerden ybaratdygyna jogap agtardyň. Ahyry hem
maksadyňa ýetdiň. Üstünligiň syry – öňde goýan maksadyňa erjellik bilen ýapyşmak, yzygiderli, dowamly bolmak, belent maksadyňy
ownuk-uşak aladalardan ýokarda goýup bilmekdir. Eger-de öňüňde
maksat goýup, bizi görmek üçin eden yhlasyň mukdarynda şol ugurda
der dökseň, hökman maksadyňa ýetersiň. Ynha, üstünligiň bar syry
şundan ybarat: aýdyň maksat, erjellik, dowamlylyk we yzygiderlilik»
diýip, Mäne baba jogap beripdir
10
95
ylham_gurbanaly
28 May 2022
Zümrüt🌺, bar şonda alyp bilmeseň aýdaý)
ylham_gurbanaly
28 May 2022
Zümrüt🌺, bar) özümde-de bar)

CrAzY Girl, Ýürek entek 16 diýýä)))
ylham_gurbanaly
28 May 2022
CrAzY Girl, Yumşak oýlanýan wagtym ýoga)
ylham_gurbanaly
28 May 2022
CrAzY Girl, 🤔 bolya
ylham_gurbanaly
28 May 2022
CrAzY Girl, menem başgalardan okapdym, ýöne şonda köp bar)
ylham_gurbanaly
28 May 2022
CrAzY Girl,saratdym eýyam , "Weliler hakda rowaýatlar" kitaby) ýaşyl kitapdy özäm)
ylham_gurbanaly
28 May 2022
CrAzY Girl, garaş häzir kinolentamy yza saradaýyn)
ylham_gurbanaly
28 May 2022
CrAzY Girl, şol kitaby menem-ä okapdym, mekdep döwri)
Aishaaa🌹
28 May 2022
👍👍👍👍👍👍👍
ylham_1989
28 May 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.