İň kiçijik eje
27.05.2022
1
Geňdir dünýä
65
2 873
İň kiçijik eje

1939-njy ýylyň 14-nji maýynda Peruda bolup geçen waka hemmeleri haýran galdyrdy!...

Dünýäniň iň kiçijik ejesi: 5 ýaşynda göwreli boldy...
And daglarynyň etegindäki garyp maşgalanyň gyzy bolan 5 ýaşly Lina Medinanyň garny we göwüsleri gysga wagtyň içinde çalt ösüp başlady. Kiçijik gyzjagazyň ejesi garnynda howply çiş bar öýdüp, hassahana äkidildi. Keselhanada geň galdyryjy ýagdaý ýüze çykdy. Barlagda, gyzjagazyň garnyndaky çiş däl-de, 7,5 aýlyk bäbekdigine düşünildi.
1939-njy ýylyň 14-nji maýynda agramy 2 kilo 700 gram bolan bir oglanjygy (keserwo operasiýa arkaly) dünýä indirdi...

Adamlaryň köpüsi bu waka we surata ynanmasa-da, lukmanyň pikiri: "5 ýaşdan öň ýetginjeklik gaty seýrek ýagdaý, onuň göwrelilige we çaganyň sagdyn dogulmagyna sebäp bolmagy hakykatdanam gudratdyr." 

Bu waka bilen baglanyşykly derrew derňew başlandy we gyzjagazyň kakasy şübheli diýlip tussag edildi. Emma subutnamanyň ýoklugy sebäpli boşadyldy. Öz ejesini 10 ýaşyna çenli uly aýal dogany hasaplaýan oglanjyk-Gerardo, 40 ýaşynda ýilik rak keselinden aradan çykdy. 

Medina indi Peruda adaty durmuşda ýaşaýardy. 1970-nji ýyllaryň başynda Raul atly bir adama durmuşa çykdy we 1972-nji ýylda 39 ýaşynda ikinji çagasyny dünýä indi. 

Linada görülýän bu ýagdaýyň sebäbi, ýetginjeklik prekoks atly keseldir. Bu kesel, gyzlarda 8 ýaşdan ozal aýbaşy we beýleki jyns aýratynlyklarynyň ösmegi hökmünde kesgitlenýär. Gyzlaryň takmynan 10% -de bolýar we Lina Medinede has ir ýüze çykypdyr.
Gyzjagazda bolsa menstrual l (aýlaw) juda ir 3 ýaşda başlandygy anyklanyldy
Genetiki, geografiki faktorlar, iýmitleniş, semizlik we daşky gurşaw faktorlary sebäpli ýüze çykyp biler. Şeýle-de bolsa, hamartoma we glioma ýaly gipotalamusyň çiş keselleri (rak), hem-de gidrosefaliýa we neýrofibromatoz ýaly merkezi nerw ulgamynyň keselleri seýrek bolsa-da, ýetginjeklik sindromunyň sebäplerinden biri bolup biler.

 Gipofizden bölünip çykýan gormonlar we olaryň funksiýalary:

Prolaktin gormony göwüsden süýdüň bölünip çykmagyna itergi berýär.

Somatotrop gormony. Bedende uglewod, ýag we belok çalşygyny dolandyrýar. Esasanam ýetginjeklik döwründe bedeniň deňagramly ösmegini üpjün edýär.

Adrenokortikotrop gormon. Böwreküsti mäzleriň funksiýasynda möhüm ähmiýete eýe bolan kortizolyň bölünip çykmagyny kadalaşdyrýar.

Tiroidi gyjyndyryjy gormon. Tiroid mäzinden tiroid gormonlarynyň bölünip çykmagyny güýçlendirýär.

Gonadotrop gormon. Köpeliş organlarynyň işine gözegçilik edýärler.


Gipofiz mäzinde ýokarda agzalan gormonlaryň bir ýa-da ikisini bölüp çykarýan öýjük toparlary, bedeniň zerurlyklaryndan has köp gormon bölüp çykarmagy, gormonyň bedende has köp işläp täsir etmegine sebäp bolýar. Bu ýagdaýda, mysal üçin, artykmaç prolaktin bölünip çyksa, näsag göwreli bolmasa-da, göwüsden süýt önüp bilýär. Uly adamlarda artykmaç ösüş gormonysomatotropin bölünip çyksa, aýakgap bedeniň aşa ösmegi netijesinde dar bolup başlaýar. Edil şonuň ýaly-da gonadotrop gormon sinteziniň artmagy Lina Medine gyzjagazyň sindromyny ýüze çykaryp biler...

makol
3 Iýun 2024
Bolp biler
makol
3 Iýun 2024
Bolp biler
teje
3 Aprel 2024
Bance yalan
fhny
4 Mart 2024
Allahyñ eden zatlary ol gudrat Allah görýä ol çaga Alla taraplaýyndyr
ders
31 Yanwar 2024
Gen
ders
31 Yanwar 2024
Gen
selbishka2011
26 Oktýabr 2023
yio dogry zat googlede gozlap gorun bar ,
pren
8 Oktýabr 2023
Mena ynanmadym
0401
8 Oktýabr 2023
Gen zat yone bolup biler🙄
cekic
21 Sentýabr 2023
Hm bolup biler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.