"Mona Lisa"portreti 16njy asyryñ başynda 1503nji ýylda Italiýaly suratkeş Leonardo Da Winçi tarapyndan başlanýar. Da Winçi 1503 nji ýylda suraty boýap başlamak bilen portreti çekmek 1507 nji ýyla çenli dowam edýär , ýöne şol wagt hem portret doly gutarylmaýar. " Mona Lisa " Da Winçiň iň halaýan suraty bolup , oňa ömrüniň ahyryna çenli jikme jiklikleri goşup barýar. Suratdaky zenanyň 50% ýylgyryp , 50% nämedir birzatlara gaharlanmasy bardyr. Şeýle hem suratyň arka fonundaky tokaýda , köprüde , ýollarda dürli harplaryň gizlendiği öňe sürülýär . Mona Lisanyň gaşlary ýokdur. 15 nji asyryň modasynda zenanlar gaşlarynyň we maňlaýynyň ýokarsyndaky saçlaryny syrypdyrlar.
"Mona Lisa " näme üçin Fransiýada?
1517-nji ýylda Da Winçi Fransiýa korolynyň çakylygy boýunça Fransiýa gitdi we " Mona Lisa" ny hem özi bilen alyp gitdi. 1519 - njy ýylyň 2 - nji maýynda ölýänçä Fransiýanyň Amboise şäherinde galan suratkeş henizem surat eserine jikme - jikler goşýardy we surat henizem tamamlanmady. Şeýle- de bolsa , bu ýerdäki kömekçisi Salay suraty ogurlady we 4000 altyn teňňä Fransiýa korolyna satdy. Soňra surat Fontanbleau köşgünde saklandy. Soňra Wersal köşgüne göçürilen bu surat 1700- nji ýylda Fransuz rewolýusiýasy wagtynda Luwr muzeýinde göçürildi. 1911-nji ýylda "Mona Lisa" Luwr muzeýinde ogurlandy. Bu hakda birneme real däl hem görünmesi mümkin ýöne Pablo Picasso hem suraty ogurlan şübhelenýänleriň sanawyndady. 2 ýyllap surat gara bazarda satylyp baky ýitdi öýdülýärdi. Şeýle_ de bolsa 1913- nji ýylda ogurlan günäli tapylyp surat Luwr muzeýinde gaýtaryldy.
Birnäçe wagt bäri Italiýanyň hökümeti bu taryhy gymmatly sungat eserini Italiýa gaýtaryp bermegi üçin Fransiýa bilen ähli diplomatik serişdelerini synap gördi. Fransuz hökümeti eseriň bir ýerden başga bir ýere göçürilip bilinmejek derejede näzik we döwülgenligini aýdyp , suraty hiç haçan yzyna gaýtarmady.