TÜRKAN HATYNYŇ GYZYNA NESIHATY
Türkan hatyn durmuşa çykjak gyzyny ýanyna çagyryp, oňa şeýle
pent edipdir: «Menden on häsiýeti nusga al, saňa hem hazyna, hem abraý bolar. Ýanýoldaşyňa sabyr we kanagat bilen höwür bol, sözlerini ýagşy diňle we islegini ýerine ýetir. Gözüne we burnuna esewan
et: hapa-hapysa zada gözi düşmesin we üstüňden diňe hoşboý ys alsyn. Göwnünden turmak üçin özüňe serenjam bermegi unutma. Suw
(tämizlik) bilen sürme (gözellik) iň eý görülýän zatdyr. Ajygan wagty,
naharyny gijikdirme. Ukuda ýatan wagty rahatlygyny bozma. Çünki
açlyk howry ýakyjydyr, bozulan ýa birahat uky bolsa ömri tutuksy
edýändir. Öýüne we baýlygyna eýeçilik gözi bilen gara. Özüne we
kowum-garyndaşlaryna hormat-sylag bilen bak. Hergiz syryny ile paş
etme we diýeninden çykma. Gamgyn wagty, ýanynda gülüp, bälçiräp
oturma ýa-da begençli wagty, ýüzüňi salyp oturma. Sen ony näçe
beýik görseň, sylasaň, ol hem seni şol gadar ezizlär. Sen ne gadar onuň
göwnünden tursaň, ol hem şol derejede seni ýanyndan goýmaz. Onuň
göwnüni öz göwnüňden beýik tutmasaň, onuň islegini öz islegiňden
ileri tutmasaň, ýanýoldaşyň söýgüsini gazanyp bilmersiň. Onuň halan
zadyny söý we halamadyk zadyny ýigren. Şonda Alla size her zadyň
haýyrlysyny miýesser eder».
Çeşme :Rahmet Gylyjow Halallyk kyssalary.
Layk basmagy unutman 👍