zumerret_
25.05.2022 16:18
😀🤦‍♀️ Bir gün Teýmirleň Ependiniň oglunyň akylyny synap, atasyna mynasyp oguldygy-
ny bilmekçi bolupdyr-da, oňa bir teňňe pul beripdir. Ependiniň ogly puly alman,
yzyna gaýtarypdyr-da:
– «Kişiden pul alma» diýip, ejem maňa tabşyrypdy – diýipdir.
Teýmirleň ony öwüpdir:
– Berekella, şeýtseň gowy, emma men ýurduň şasy ahyryn, ejeň meniň saňa pul
berenimi bilse saňa käýinmez – diýipdir.
Onda oglan:
– Ýok, men ony alyp bilmen, ejem bu puly senden alanyma asla ynanmaz. Ol „
«Eger ýurduň şasy bolup, sylag berjek bolsa, onuň sylagy bir teňňe bolmaz» diýer-de,
meni urar – diýip, Teýmirleňi utandyrypdyr.
7
87
ideallider
25 May 2022
Zümrüt🌺, ýene ol ependiniň oglydäldi.
ideallider
25 May 2022
Şonda Teýmirleň oglana halat serpaý ýapyp şa sowgadyny edipdir😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.