ylham_gurbanaly
25.05.2022 15:50
Baky bahar ýaza meňzeş
Ah ene ýüregi, ene ýüregi
Näçe söýse aza meňžeş
Ah ene ýüregi, ene ýüregi

Nurdan dolar tümlik öýiň
Abat bolar eşik-geýmiň
Dagdan akýan çeşme deýin
Ah ene ýüregi, ene ýüregi

Sen iýyänçäň özi iýmez
Sen geýýänçäň özi geýmez
Ogul-gyzyň näzi diýmez
Ah ene ýüregi, ene ýüregi

Onuň göwni baga gaýdar
Seniň göwniň daga gaýdar
Elli ýaşda çaga öýder
Ah ene ýüregi, ene ýüregi

Ýyllar durman barýan ýaly
Ömre duzak gurýan ýaly
Dünýe üçin urýan ýaly
Ah ene ýüregi, ene ýüregi


Ylham GURBANALYÝEW

*
Surat çeşme: turkmengazet.com
8
27
ylham_gurbanaly
25 May 2022
CrAzY Girl, umumy aýtdym)
ylham_gurbanaly
25 May 2022
CrAzY Girl, sag bol🙂) ýaran bolsa minnetdar!)
ylham_gurbanaly
25 May 2022
Harika😇,Aishaaa🌹,CrAzY Girl,Milaya_🌺,👏👏👏
Aishaaa🌹
25 May 2022
👍👍👍👍👍👍
perizadym
25 May 2022
👍👏❤️❤️❤️
ay_kiz_
25 May 2022
🤗👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.