Agzybir maşgala
#Manyly sözler
Iki maşgala goňşulykda ýaşaýan eken. Olaryň birinde är-aýal häli-şindi öýkeleş ýän eken, beýlekisinde bolsa, hemişe söýgi, özara düşünişmek we agzybirlik höküm sürýän eken.
Özdiýenli öý bikesi goňşularynyň nädip agzybir ýaşap bilýändiklerine hiç-hili düşünip bilmändir we olara göriplik edip ugrapdyr. Bir gezek ýaňky aýal ärinden goňşularynyňka baryp, näme üçin olaryň durmuşynda ähli zadyň gülala-güllükdigini anyklamagy tabşyrypdyr.
Erkek kişi ilki goňşusynyň penjiresine golaý baryp, içerä ýuwaşlyk bilen göz aýlaýar. Onuň gözleri şkafyň üstündäki tozanlary süpürip ýören aýala düşýär. Şol wagt telefon jyňňyrdaýar, aýal alňasap elindäki gymmat bahaly güldany gapyň gapdalyndaky stoluň gyrasyna goýup, telefony galdyrýar. Şol wagt otaga girip gelen adamsynyň eli atdanlykda güldana degýär. Gymmat bahaly güldan ýere gaçyp, kül-uşak bolýar.
Bolup duran zatlary synlap duran goňşusy:
– Ine, indi hakyky tomaşa tursa gerek – diýip, öz ýanyndan pikir edýär.
Emma aýaly telefony goýansoň, adamsynyň ýanyna baryp, ýuwaşlyk bilen:
– Bagyşla, ezizim! Bu meniň günäm bilen boldy, güldany içiräk goýmandyryn – diýip, müýnürgeýär. Şonda äri oňa şeýle jogap berýär:
– Ezizim, gaýtam sen meni bagyşla! Ony görmänligim meniň günäm!
Goňşusy lapykeç halda öýüne dolanyp gelýär. Aýaly goňşusynyň maşgala abadançylygynyň syry bilen gyzyklanýar. Adamsy oňa:
– Bilýäňmi näme, olaryň maşgalasynda hemmeler günäkär, bizde bolsa, tersine hiç kimiň ýazygy ýok – diýip, jogap berýär.
Agaç okara
Garrap tapdan düşen bir goja oglunyň öýüne göçüp barypdyr. Goja bu maşgala bilen bir saçakda oturyp naharlanyp ugraýar, ýöne onuň gözleriniň kütekligi, titreýän elleri, naharlanýan wagty kyn ýagdaýa salýardy. Elindäki çemçesini ýa-da süýtli bulguryny dogry saklap bilmän, saçagy hapalaýardy. Gojanyň bu düşen haly ogluna we gelnine ýaramaýardy.
Ahyry ogly:
– Biz ahyr bir zatlar etmel-ä boljak – diýip, dillenýär. – Men indi onuň ala-takyrdy bolup nahar iýşindenem, saçaga nahar döküp hapalaýşyndanam halys bezikdim.
Är-aýal otagyň bir künjünde goja üçin, kiçijik stol goýmaly diýen karara gelýärler. Şeýlelikde, ol ýerde gojanyň ýeke özüni oturdyp, nahar berip ugraýarlar. Är-aýal bolsa, eden işlerini dogry hasaplap, öz stollarynda nahar edinýärler. Goja ozal iki gezek tabak döwensoň, oňa indi agaç okarada nahar äberýärler.
Bäş ýaşly oglanjyk sesini çykarman, bolýan zatlary daşyndan synlap ýören eken. Bir gün oglanjyk atasynyň ýüzüne seredende, onuň gözlerine ýaş aýlanandygyny görüp gynanýar. Şol gün agşamlykdan öň, oglanjygyň kakasy oglunyň agaç bölejiklerinden bir zatlar ýasap oturandygyny görüp, oňa mähir bilen habar gatýar:
– Oglum, sen näme ýasap otyrsyň?
Oglanjyk ynam bilen:
– Men kiçijik okara ýasaýan, ulalamsoň ene-atama şu okarajykda nahar äberjek – diýip, ýylgyrýar-da, ýene-de öz işine gümra bolýar. Bu sözler är-aýaly şeýle bir alasarmyk ýagdaýa salýar welin, olar biri-biriniň ýüzüne seredişip, doňňara daşa dönýärler. Hemme zada düşünen är-aýalyň ýaňagyndan gözýaşlar syrygyp gaýtýar. Olar assyrynlyk bilen gojanyň elinden tutup, edep bilen maşgala stolunyň başyna geçirýärler. Şondan soňra hemişe bilelikde naharlanyp ugraýarlar. Näme üçindir, indi çarşak gaçsa-da, süýt dökülse-de ýa-da saçak hapalansa-da, är-aýal hiç-hili ünjä galmaýardy.
Öýiň gelşigidir, töriň bezegi
Edebiň ýagşysy garryny saklaň
Hemmä ýeter garrylygyň gezegi
Herdem ýada düşsin garryny saklaň
Nesihatyn alyň olar öwit berende
Gulag asyň olar söhbet guranda
El gaýtarmaň kä käýinip uranda
Kiçi-niň borjydyr garryny saklaň
Maşgalaň birigmez garry bolmasa
Her kim ýeter şol dereje ölmese
Syrkaw ýatsa düşeginden galmasa
Hormatlaň mydama garryny saklaň
Tämiz saklaň mydam ussi başyny
Taýýar edip goýyň iýjek aşyny
Öýden çykaryp otyrmaň goşyny
Törden oryn bereň garryny saklaň
Garşylaň mydama güler ýüz bilen
Göwnini göteriň süýji söz bilen
Olar baky ýaşamazlar biz bilen
Hormatlaň mydama garryny sakla
Zalyň pelek başyna ýowuz gün salsa
Ýoldaşyn ugradyp bir özi galsa
Mydam ýasyp aglap gam sazyn çalsa
Ynjytmaň göwnini garryny saklaň
Ene ataň hiç erbedi bolmazmyş
Ynjydanyň nesli oýnap gülmezmiş
Hormatlana soragçy hem gelmezmiş
Hormatlaň mydama garryny saklaň
Çenden aşa agyr işi buýurmaň
Işlenok diýip oňa seňrik ýygyrmaň
Rugsatsyz hazynasyna pensia-syna el digirmäň
Hormatlaň mydama garryny saklaň
Geýindiriň egnide täzeden täze
Mydama meňzediň günini ýaza
Hyzmatyn etdiriň ogul gyzyna
Baryň birigip garryny saklaň
Telek söýläp hiç getirmäň gaharyn
Dişi ýokdyr ýumşak bişiriň naharyn
Ol çekmesin ogul gyzyň azaryn
Wesýetim unutmaň garryny saklaň
Mydama sizden gowni biter ýaly
Razy bolyp dünýädän öter ýaly
Gorinde hem rahat ýatar ýaly
Diri wagty hormatlap garryny saklaň
Garrysyn ynjydan ýaman ady dakynmaň
Ölenden soň ahmyr çekip ökinmäň
Bekdurdy aýdar aýtjak sözin çekinmän
Diri wagty hormatlap garryny saklaň