Geldim huzyryňa ellerim gülli,
Seretsene güller juda ýakymly.
Ýöne meň soňky wagt, bu çaka çenli,
Seni şat edenim ýadymda däldi...
Bakyp dursyň ünji doly gözleriň,
Nazary kalbyma ok bolup çümýär.
Emma meň, diňeje ogşap elleriň,
Göz ýaşym dökmekden ýok gaýry çäräm..
Ýaşaýarkam ganatlaryň astynda,
Kän bir aladamam ýok eken görsem..
Emma aljyratdy bu durmuş aşa,
Ejejan bagyşla bagyşlap bilseň...
Teselli berenok hiçzat göwnüme...
Men dünýeden, dünýe menden nägile.
Janlandyryp oýlarymda şat ýüzüň,
Mähirli ýylgyrşyň küýsedim Eje...😔
Gülhan.