KORONAWİRUS HAKYNDA.
Koronawirus - adaty dâl öýken sowuklamasy bolup ýokanjyň rezerwuary we çeşmesi keselli adam, öý haýwanlary hyzmat edýâr.
Koronawirus esasan ýokary dem alyş we aşgazan - içege ulgamlaryny zeperleýân ýiti geçýân ýokanç keseldir.
Ýokanjyň ilkinji alamatlary:
1. Sowuklama.
2. Kelle agyry.
3. Üsgülewük.
4. Bokurdakda agyry.
5. Ysytma.
6. Umumy nâhoşluk.
Nâsagyň kesel ýokuşdyrma ukyplylygy çâksiz uzak wagt dowam edýâr. Adamlarda tebigy duýujylyk ýokary, döredijâ ilatyň esasan gartaşan adamlar duýgurdyr.
Kliniki taýdan kesel böwrek ýetmezçilikli agyr respirator sindromy bilen ýüze çykýar. Kâbir halatlarda maşgalada nâsaga ideg edilende, hassahanada bir otagda ýatylanda wirusyň ýokuşma âhtimallygy ýokarlanýar. Şol sebâpli Bütindünýâ saglygy goraýyş guramasy koronawirusyň ýakyn galtaşykda bolunanda adamdan adama ýokuşyp biljekdigini aradan aýyranok.
Öňüni alyş çâreleri:
Koronawirusly ýurtlara gitmek zerurlygy dörânde gorag maskalary ulanmaklyk, adamlaryň köp ýygnanýan ýerlerine barmakdan saklanmak we gyzgyny ýokary bolan adamlardan daşda durmaklyk maslahat berilýâr.
Keseliň öňüni almak maksady bilen ýygy - -ýygydan otaglary şemallatmak, çygly tâmizleme geçirmek we şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmeklik maslahat berilýâr.
Bedeniň gyzgyny galanda ýa-da dümew keseliniň alamatlary ýüze çykanda esasan hem başga döwletlerden gelinen wagtynda, haýal etmân lukmana ýüz tutmaly we oňa haýsy ol ýurtda nâçe gün bolanyň barada maglumat bermeli.
Gadyrly öwrenmeli programmasynyň ulanyjylary! Gorkuly ýada panika gerekdirýân ýagdaý ýok. Koronawirusy bilen kesellân adamlar indi düzeldilip başlandy. Siz diňe öňüni alyş çârelerine üns beriň. Öz jan saglygyňyzy we maşgalaňyzyň jan saglygyny goraň!