zumerret_
23.05.2022 05:40
GOŇŞY BAHASY
Abdylla ibn Mübäregiň bir jöhit goňşusy bolupdyr. Ol çagalaryndan öňürti ýaňky jöhide nahar dadyrar eken. Çagalaryndan öňürti,
ony geýindirer eken. Günleriň birinde bu ýerden howly edinmek
isleýänleriň biri jöhidiň ýanyna gelip, jaýyny satmagy teklip edipdir.
Jöhit: «Öýüm, howlym iki müň dinara durýar. Müň dinar onuň hakyky gymmaty. Müň dinar bolsa gowy goňşymyň barlygy üçin» diýipdir. Müşderi bu sözlere ör-gökden gelipdir: «Biz-ä jaýyň bahasynyň
üstüne goňşy hakynyň urulýandygyny heniz eşidemzok» diýipdir.
Emma jöhit pikirinden dänmejegini ýaňzydypdyr. Bu sözleri eşiden
Abdylla ibn Mübärek jöhit goňşusyna ýagşy dilegler edipdir. Oňa
öňküsindenem has gowy seredipdir.

Çeşme :Rahmet Gylyjow"Halallyk kyssalary"
7
62
unknown_12
23 May 2022
👍👍👍👍👍👏👏👏
Aishaaa🌹
23 May 2022
👍👍👍👍👍
ideallider
23 May 2022
Ýewreý goňşym bolsa menem şeýderdim😄👍
Аннагелди
23 May 2022
Hazrem.bar se6le gonsylar 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.