https://owrenmeli.app/24336-nternetsiz-durmusa-syyahat.html#comment
Melikee
22.05.2022 13:13
Tanyşmagmyz belki "ýazgyt" işidir,
Ykbalymyň "sowgat" diýip berşidir.
Birugsat girdiň-de ýürek törüme,
Öwürdiň dünýäniň bagtly gyzyna.
Arzuwlarmy seniň bilen bezäpdim,
Gamgyn wagtym, şatlanmagma sebäpdiň.
Beýnim ýazgarypdy bu gatnaşygy,
Emma men diňledim ýürek urşumy.
Sözleň bilen ullakan güýç bererdiň,
Saýaňda özümi bagtly duýardym.
Geçmişiňde goýberipsiň ýalňyşlyk,
Bilenimde tamamlandy tanyşlyk.
Dogry, kemsiz ýoldaş tapyp bolmaýar,
Muny ýürek boýun alyp bilmeýär.
Beýni ýüregimden aryn alypdy,
Duýdansyz gözlerden ýaşlar akypdy.
Täzeden ynanyp bilmedim saňa,
Ol günler ukusyz çykypdym daňa.
"Gowşulmadyk söýgi" goýdum adyna,
" Ýazgyt işidir bu.. " diýýän özüme.
Gowsy men ýene sessizje dymaýyn,
" Göz ýaş " ummanynda ýalňyz ýüzeýin.
18
268