Kitap okaýan ýöne ýadymda galanok! Diýýänler üçin.
21.05.2022
1
Psihologiýa
37
2 683

Kitap okaýan ýöne ýadymda galanok! Diýýänler üçin.

Bir gezek mugallymymyza: "Bir kitap okadym, ýöne kitapdan kellämde hiç zat galmady" diýdim.


Ol maňa bir hurma berdi-de: "Muny agzyňda çeýnäp iý" -diýdi. Ony iýenden soň: "Indi sen  ulaldyňmy?" Diýip sorady. "Ýok", diýdim.


Sen ulalmadyň, ýöne bu hurma bedeniň herbir nokadyna ýaýrady;  et boldy, süňk boldy, nerw boldy, deri boldy, dyrnak boldy, öýjük boldy ...


Okan kitabymyň hem şeýle ýaýraýandygyna düşündim ... 

- Käbir bölekleri söz baýlygyňy baýlaşdyrýar.

- Käbir bölegi bilimiňi we paýhasyňy artdyrýar, 

- Käbir bölegi ahlagyňy owadanlaşdyrýar,

- Käbir bölegi ýazmak we gürleýiş stiliňe kämilleşdiriş goşýar.

- Käbir bölegi durmuşa başgaça garamaga kömek edýär, 

- Käbir bölegi söýgini we içiňdäki rehimdarlygy artdyrýar

- Käbir bölegi özüňe bolan ynamyňy artdyrýar we pikirlenmäge, sorag bermäge, wakalaryň öňünde nähili hereket etmelidigiňi öwredýär...

Herne bulardan habarsyz bolsaňyzam, kitap okamak diňe bir zada kömek edenok, sebäbi kitap okamak şeýlebir köp zada kömek edýär ..!  

Şeýlebir peýdaly welin nämelere peýdalydygyny dil bilen aýtmak mümkin däl.

onbeg
7 Mart 2024
Düşünmek başga ýat tutmak başga
0401
8 Oktýabr 2023
Mndede edil seyle yagday bolia okan kitabym yadymda galanok indi dusundim mnm
makst
7 Iýul 2023
Dogry haladym
moonlight
3 Oktýabr 2022
Dogry+
Myhman Myhman
30 Awgust 2022
gaty gowy
RuníA
11 Awgust 2022
Shamko,adam klaviaturadada ýalňyşyp bilýärä🙂
RuníA
11 Awgust 2022
+Raýat kodeksleri
RuníA
9 Awgust 2022
GoLd, Halaýan kitaplarymyň biri şo" Богатый папа Бедный папа".

"Богатый папа Бедный папа"; "Цельная жизнь"; "Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary"; "Stiw Djobs Уроки лидерства"; "7 навыков высокоэффективных людей"; "Drive(Драйв)". (Drive we Цельная жизнь, entek doly tamamlamadym).
Myhman Myhman
27 May 2022
Mende bar duman daganda diyen kitap doly okap bolomok menem
Myhman Myhman
26 May 2022
Dine fizika
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.