zumerret_
21.05.2022 20:15
DOŇUZ WE ÝOLBARS
Rowaýatlara görä bir doňuz ýolbarsa: «Meniň bilen başa-baş
söweşe çyk» diýipdir. Ýolbars oňa: «Sen meniň deňim däl. Eger senden maňa zeper ýetse, bu meniň üçin uly biabraýlyk bolar. Eger seni
öldürsem, doňzy öldürdigim bolar. Munuň üçin artykmaç abraý we
zyýada şöhrat gazanmaryn. Meni öldürmäge bolsa seniň dişiň ötmez»
diýipdir. Onda doňuz: «Meniň bilen başa-baş söweşe çykmasaň,
beýleki ýyrtyjylaryň arasynda «Ýolbars menden gorkdy» diýip gep
ýaýradaryn» diýipdir. Ýolbars: «Seniň ganyňy döküp, rahatlygymy
ýitirenimden, ýalan sözüňe çydam edip gezenim has ýeňil düşer»
diýip, jogap beripdir.
Çeşme:Halallyk kyssalary
12
94
ideallider
22 May 2022
Aslynda doňuzu öldürmek gaty kyn. Gassaplar birinji pyçagy göne ýüreginden urýarlar. Eger pyçak gyýşyk düşse, dat güne👍
❤GÜLHANYYM❤
21 May 2022
Mekdep progyndada bady 🤔👍
Aishaaa🌹
21 May 2022
👍👍👍👍👍❤👍👍
perizadym
21 May 2022
👍👍👍👍👍
Wepamurat
21 May 2022
Hakyky durmyshy gurrun
Caryyewajeren
21 May 2022
👍👍👍👍👍👍
ay_kiz_
21 May 2022
👍👍👍👍👍
Dusia
21 May 2022
Durmuş çeýnejege sataşdyrar ony, beýle söweşmek islese)
Relax
21 May 2022
Zümrüt🌺,nirde bar bu kitap elektron bamy?
Relax
21 May 2022
Gaty dogry doñuz gepi-gepmi diýip aýdarlar bari bir
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.