sh_shamko_
19.05.2022 22:12
Telefonda gürleşemizde ilkinji aýtýan "Alo" sözümiz Alexandr Greham Bell telefonuň gurujysy hökmünde tanalan alymyň söýgülisiniň adynyň gysgaldylmasy diýip bilýäris!!
Aslynda "Alo" sözü ondan gelip çykan däldir.Aslynda Alexandr Graham Bell ömrü boýunça "Alo" dälde "Ahoý" diýip gürleşip başlapdyr her telefonda gürleşende.
Onda "Alo" sözi nireden gelip çykdy?
Alexandr Graham Belliň "Ahoý" sözüne garşylyk eden Thomas Edison bul sözüň "Alo" diýip üýtgedilmegini teklip edendir.Eden teklibi kabul edilýär we şu wagtky "Alo" sözü şondan emele gelýändir.
Aslynda telefony ilkinji döreden alym Alexandr Graham Bell däldir.
Telefony ilkinji döreden alym Antonio Meucci'dir.Alym 1871 nji ýylda Telefona meňzeş sesleri uzaga äkidip getirýän aparat açandyr.Soňra bul tapan açyşynyň patentini alýar.Ýöne şol döwürde patenti ýyl geçdigiçe täzeläp durmaly bolany üçin Antonio şol pätenti täzeläp bilmänligi sebäpli eden açyşlaryna Patent alma hukuklaryny elinden gidirendir.
Soňra 1876 nji ýylda şol alymyň oýlap tapan aparadyny telefon görnüşine geçirip patent alanlygy sebäpli telefony ilkinji döreden adam Alexandr Graham Bell hasaplanýar.
Aslynda Alexandr Graham Bell bul açyşyň öňki patentlerini Antonio Meucciniň labarotoriýasyndan rugsatyz alyp patent açdyrandyr.
Muny 1886 nji ýylda kazy tarapyndan berlen kararda subut edilendir we açyşy edeniň Antonio Meucci diýip yglan edilendir.
Antonio Meucci şol karardan 3 ýyl soň aradan çykýar.
Antonio Meucci ýaşaýşy hakda gysgaça maglumatlar.
1808 nji ýylyň Aprel aýynyň 13 de Italiýanyň Floransiýa şäherinde öz maşgalasynyň 9 nji çagasy bolup dünýä indi.
Antonio 1821 nji ýylda Floransiýa Academy of Fine Arts okuwyna gatnap başlady.Okuwyna başlanyndan 2 ýyl geçenden soň maşgalasynyň ýagdaýynyň agyrlaşmagy sebäpli okuwy taşlap işlemäne başlaýar.
Antonio 1834 nji ýylda Tiýatr we Sahna goýýan režisýorlaryň seslerini äkidip getirýän aparat oýlap tapdy.Şol ýylda şol Tiýatrda işleýän Esterre Mochi bilen tanyşdy we şol ýylyň 7 nji Awgustynda toý etdi.
Antinio Meucci niň ýasan bul aparady şo döwürlerde Gämilerde ulanylypdyr.Hatda şu wagtlaram ulanylýandyr ýöne ösdürilen görnüşi.
12
165
Papinadocka
21 May 2022
Yaltanman yazypdyr 🤝🤝
Ayjennet
20 May 2022
Aluu. Alyoo. Alou....
Aishaaa🌹
20 May 2022
👍👍👍👍👍👍
Kuwadowna04
19 May 2022
Shamko,yoo mana rugsat berilenok ol prog😑bolmasa jan dp
Kuwadowna04
19 May 2022
Shamko,haýsy agzalar bar aýdaý kyn gormesen??
Caryyewajeren
19 May 2022
👍👍👍👍👍👍
unknown_12
19 May 2022
Shamko,👍👍👍
❤GÜLHANYYM❤
19 May 2022
Shamko,bolýa
ay_kiz_
19 May 2022
Gowy maglumat👍
❤GÜLHANYYM❤
19 May 2022
Shamko,şundan õñki postuñyzda aýdypdyma....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.