Arakhorluk
Arakhorlugyň döremegine getirýän sebäpler hökmünde narkotik häsiýetli
bolan spirtli içgileriň özüne çekijiligini, onuň nerw ulgamynyň ençeme
merkezlerini tijendirip, wagtlaýyn bolan aldawçy duýgulary döredip, içeniň keýpini
göterýändigini, şähdini açyp, şadyýan edýändigini, süňňüni ýeňledýändigini belläp
geçmek bolar.
Arakhorlugyň maşgala ýagdaýy öwrenilende, olaryň aglabasynda oňaýsyz
şertleriň, ýagny agzalalygyň barlygynyň, adaty maşgala durmuşyna mahsus bolan
asudalygyň, kadaly düzgün-tertibiniň ýoklugynyň üsti açyldy. Arakhorlaryň tas
ýarpysynyň diýen ýaly dawa-jenjelli, agzala maşgalada önüp-ösendikleri hem
takyklanyldy. Şeýle şertlerde ýaşaýan maşgala agzalarynyň arasynda, öňi bilen är-aýalyň arasynda elbetde, dartgynlyk, oňuşmazlyk döreýär. Tükeniksiz uruş-sögüşli
dawalardan, göwün synyşyklardan çykalga gözläp, öýünde rahatlyk tapmaýan
adam şolary bahana edip araga ýüz urýar. Çüýşedeş ülpetleriniň arasyndan, özi ýaly
ýoluny urduranlardan hemaýat isleýär, «synan göwnüni» seýikläýjek tesellini
agtarýar. Beýle ýagdaý maşgala agzybirliginiň bozulmagyna, är-aýalyň
aragatnaşyklarynyň has hem ýaramazlaşmagyna getirýär. Çagalaryň biedep
terbiýelenmegine ýardam edýär.
Spirtli içgiler adamyň iş öndürijiligini-de peseldýär. Içilen badyna gujur-kuwwaty artan ýaly hem bolsa, ol örän tizlikde gowşaklyk, ysgynsyzlyk bilen
çalyşýar. Çekilen zähmetiň netijesi bolsa adatdakysyndan pes bolýar.
Içgiler akyl-paýhasy küteldip, aňyň işini peseldip, ýaramazlaşdyrýar. Adamyň
gylyk-häsiýetinde özgerişler döredýär, kähalatlarda özüni ýaramaz, gödek alyp
barmaga mejbur edýär.
Adamyň süňňünde spirtli içgileriň zyýan ýetirmeýän ýekeje-de ýeri ýok. Onuň
derdinden iç agzalarynyň hemmesi zaýalanýar, nerw ulgamy gowşaýar. Deriasty
damarlaryň giňelmegi netijesinde bolsa, teniň ýylylygy gereginden has artykmaç
sarp edilýär. Onuň üstesine-de ýylylygyň emele gelmegini we sarp edilişini rejeläp
ugrukdyrýan beýni merkeziniň işiniň ýoýlup gowşadylmagy zerarly ten has hem beter sowap, bu ýagdaý birnäçe halatlarda dümewlemäniň hatda, heläk
bolmanyňam gönümel sebäpkäri bolýar.
Spirtli içgiler iýmit siňdiriş organlarynda-da dürli keselleri döredýär. Aşgazana
düşen arak garyn gasynlaryna siňip, onuň iň içki gatlagyna adatdan daşary ýiti ötüp,
awudyjy, gyjyndyryjy täsir edýär. Şeýle adaty bolmadyk güýçli täsirden aşgazanyň
işi birden batlanyp güýjeýär, şire çykarylyşy artýar. Şu ýagdaýyň dynuwsyz bolup
durmagy ahyrynda aşgazanyň dokumasynyň özgerip, ilki ýellenmegine, soňra
galňap gataňsylanmagyna, öýjükleriniň zeperlenmesi netijesinde, çykarylýan
şiräniň mukdarynyň ep-esli derejede azalmagyna getirýär. Bu bolsa iýmit
özleşdirilmesiniň ýaramazlaşmagyna sebäp bolýar. Aşgazanyň nemli gatlagynyň
azyp, ýellenmesi gastrit, aşgazan-içege başy ýaly keselleriň döremegine sebäp
bolýar.
Aragy hemişe içip ýörenleriň 75 göteriminiň haýsy-da bolsa garyn-içege
keseliniň birinden ejir çekýändigi mälimdir. Bu bolsa spirtli içgileriň iýmit siňdiriş
organlar bolan aşgazana we içegelere iňňän zyýanly täsir edýänliginiň şübhesiz
subutnamasydyr. Alkogoly yzygiderli içýänlerde wagtyň geçmegi bilen içegeleriň
funksiýasy ýoýulýar, soň olaryň çykarýan şireleri azalýar, motorikasy peselýär.
Şeýlelikde, ýogyn içegede täret köp saklanyp kolit döreýär. Bedeni her hili
zäherleýji maddalardan arassalaýan möhüm goraýjy serişde bolan bagyr ýaly
organyň işine spirtli içgiler has hem uly zeper ýetirýär. Gana siňen arak bagyra
baryp onuň hut özüni zäherleýär, işjeňligini bökdeýär. Şeýle bolansoň awuly
maddalar bagyrdan süzülip, gandan saýlanylmaýar, beden zäherden saplanylmaýar.
Ol maddalar gan bilen aýlanyp bedeniň hemişe zäherlenip durmagyna getirýär.
Aýlap, ýyllap dyngysyz zäherleýän alkogolyň täsirinden bagyryň işjeň dokumasy
özgerýär, ony ýag alyp ilki çişirýär, soňra zeperlenen dokumasynyň deregine
peýdasyz – birleşdiriji dokuma öwürýär. Şeýle proses bolup geçende bagyr
mürşerip kiçelýär, onuň gysylan damarlarynyň gözleri bitişip, içinden geçirýän
ganynyň mukdary azalýar ýa-da düýbünden kesilýär. Bu bolsa bagyr sirrozy
diýilýän keseliň döremegine getirip, bagyry gatadýar. Damarlary petikläp, garyn
boşlugyna ep-esli suwuň ýygnanmagyna sebäp bolup, asside getirýär.
Alkogolyň zyýanyndan ýüregem, damarlaram ejir çekýär. Aragyň zäherleýji
täsirinden ýüregiň myşşasy gowşap salparýar, gabarýar, ony ýag alýar, sklerozlaşan
damarlary gatap olaryň çeýeligi peselýär. Gabaryp ulalan şeýle ýürek gan
aýlanyşygyny ýeterlik üpjün edip bilmeýär. Skleroz ýürek damaryna geçende bolsa
ýüregiň işemiýasy we infarkt ýaly jana howply kesellerem döräp bilýär. Şol sebäpli-de spirtli içgileri içmek köneden ýürek keseli barlara, ganynyň basyşy
ýokary bolan gipertoniýa kesellilere aýratyn howpludyr. Sebäbi şolar ýaly ýürek
kesellileriň we gipertonikleriň halyny agyrlaşdyrmak üçin spirtli içgileriň az
mukdaram ýeterlikdir. Içileninden soň gan basyşy birbada aşak düşýänem bolsa,
soňundan ol birden ýokary galyp, näsagyň halyny teň edýär, hatda beýnä gan
öýülmegine, beýnide gan inmä getirýän, aýaklarda damar daralyp, endarteriitlere
eltýän wagtlary-da bolýar.
Alkogol nesile-de zyýan ýetirip, kemakyl we süňňi şikesli çagalaryň dünýä
inmeginiň degerli sebäpleriniň biridir.
Alkogol beýleki narkotikleriň hatarynda merkezi nerw ulgamynyň işine-de
bökdeýji täsirini ýetirýär. Gana siňen etil spirti beýnä ýetirilip onuň işjeň, näzik
öýjüklerini zeperleýär, beýni merkezleriniň işini haýalladýar. Şonuň netijesinde
beýnide bolup geçýän aň-huş işiniň döremegi we ugrukdyrylmagy üçin gerek bolan
oýanyş we togtaýyş ýaly möhüm hadysalaryň kadasy bozulýar. Köp ýyllaryň
dowamynda ol adamyň aň-huşuny, akyl-paýhasyny peseldip, ensefalopatiýa, soňra
bolsa kemakyllyga, psihozlara getirýär.
Spirtli içgi içilende, adam serhoş bolýar. Emma arak yzygiderli içilse, wagtyň
geçmegi bilen, oňa öwrenişilip başlanýar. Arak içýän aýda 2-3 sapar içmese, onuň
bir zady kem ýaly bolup durýar. Şonda ol içse, kanagatlanma tapýar, ýöne içmän
hem bilýär. Şu ýagdaýa problemaly serhoşluk diýilýär.
Eger şu döwürde onuň ünsüni spirtli içgiden sowup bilseň, belli-külli ony
arakhorlukdan halas etdigiň bolýar. Emma şuňa üns berilmese, ol içmegini dowam
etdirse, 3-5 ýyldan arakhora öwrülýär. Şu birinji döwürde onda psihiki tabynlyk
döreýär. Ýagny, göwni mydam «içsem» diýip durýar. Bu döwürde içgini goýsaň,
azarlama alamaty onçakly bolmaýar. Ol içmäýin diýse, içmän hem bilýär. Işden boş
wagty içeni üçin, işinden kowulmaýar. Aýlyk-günlügini getirip durandygy, seksual
gatnaşygyny ýerine ýetirip durandygy sebäpli maşgalada känbir agzalalyk
döremeýär. Onuň il içinde-de abraýyna uly bir şikes ýetip duranok. Şu döwür hem
içgini taşlamak üçin gaty bir giç däl.
Şunda hem öňi alynmasa 10-12 ýyldan arakhorlugyň ikinji döwri başlanýar.
Bu döwürde arakkeş juda köp içýär. Onda azarlama alamaty döreýär. Şol sebäpli
hem öýde-de, işde-de içýär. Şol sebäpli bar beden agzalary haraplanýar. Seksual
ukypdan doly gaçýar. Işden galýar, içgi satyn almaga puly-serişdesi bolman, öýüni
tozdurýar, ogurlyga başlaýar. Il-günden, abraýdan jyda düşýär. Aragy goýjak
bolanda azarlama güýçli bolýar we ol içgini özbaşdak taşlap bilmeýär. Içmese ýatyp bilmeýär, ýüregine howsala düşýär, janyna jaý tapmaýar. Endam-janynda
agyry döreýär. Şu ýagdaýa çydap bilmän ýene içip başlaýar. Bu döwürde küýi arakşerap bolup, akyl-huşy peselýär. Azarlama agyr geçende, tutgaý ýa-da däliremäniň
görnüşleri ýüze çykýar (biriniň gözüne zat görünse, beýlekisiniň gulagyna ses
eşdilýär, ýene biri müňkür bolýar, tukatlykda özüne kast etme döreýär).
Şu döwür gitdigiçe beterleşip, takmynan, 20 ýyl geçenden soň, üçünji döwür
başlaýar. Onda ensefalopatiýa döreýär. Akyl-huşdan jyda düşýär. Öýsüz-owzarsyz
galýar.
Arak-şerap hem maşgala, jemgyýete uly zelel ýetirýän nogsanlyklaryň biridir.
Şol sebäpli ondan näçe daş durulsa, şonça gowudyr. Ene-atalar, mugallymlar...
tarapyndan aýratyn-da ýaşlara bu beladan goranmaga, olaryň aňynda spirtli
içgileriň täsiriniň ýetirýän zyýanlary hakda pikir-düşünjeleri döretmäge mydama
uly üns berilmelidir.
Yslam dınınde hem şerap haram
edılendır .
Çeşme :Artyknur Nohurow"Maşgala psıhologıyasy"
Yazga gecıren:Zümrüt🌺