SAŇA !
Men saňa hiç haçan „Ýarym!“ diýmändim,
Saňa owalbaşdan barym diýipdim.
Ömrüme nur bolup garyl diýipdim.
Men saňa hiç haçan diýmändim: „Dünýäm“,
Dünýäňem hilesi ýetig-ä, bilýäň.
(bar onuňam käte aldaýan ýeri.
Müň hyýalda, süýt kölünde ýüzdürip,
Soň umydyň tala baglaýan ýeri)
A seň kalbyň bolsa, belent dünýeden,
Iň päk duýgularyň ýazlaýan ýeri...
Men nädip ýetdimkäm, sensiz şu güne.
Kemsiz gözel bolmaz diýibersinler,
Ynanasym gelýär kemsizdigiňe!
Ötegçi zatlary saklap bolmaýar,
Gün dogdugy paýrar gider bulutlar.
Şoň üçin men saňa diýmändim asla,
Diýmändim hiç haçan „Meni unutma!“
Bilýärdim barybir unutmajagňy,
Meni söýýänligiň çyn bolsa eger.
Men saňa hiç haçan „Gülüm“ diýmändim,
Sen güllerden eziz, güllerden gözel.
(Göwne degen bolsam, güller, bagyşlaň!)
Men saňa diýmändim üýtgeşik bir zat,
Gözleri nur, kirpigi bir garyş ýar!
Ýiti jümleleri yzlap ýörmedim,
Dessanlardan, kitaplardan idelen...
Asyl, sözem gerek bolmaz ekeni,
Sessiz-üýnsiz gürleşýärkä dideler....
Kakamyrat Rejepow.