https://owrenmeli.app/24155-ayal-turkmenin-ahlak-pakligi-.html#comment
zumerret_
19.05.2022 08:18
Mähribanlarym!
Diniň biziň altyn döwrümizde iki hili özboluşly jemgyýetçilik manysy bardyr. Birinjiden, din – ynanç-ygtykatlaryň ulgamydyr. Ikinjiden bolsa, din – durmuş keşbimizdir. Garaşsyz türkmen döwletinde biz dünýewi durmuş keşbini alyp barýarys. Emma diniň, onuň ynanç-ygtykat taraplarynyň ahlak manysyny goldanýarys. Çünki ahlak dinden gelip çykýandyr. Diniň ahlak kada-kanunlary ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda türkmeniň içki ynanjyna öwrüldi. Din türkmeniň ýüreginde ahlak binalaryny gurdy. Ol binalaryň berkdigine ýetmiş ýyllyk hudaýsyzlyk döwründe-de olaryň ýykylmandygy oňat şaýatlyk edýär. Şonuň üçinem, biziň haýyr hem şer, haramlyk hem halallyk, ynsaplylyk hem naýynsaplyk ýaly düşünjelerimiz özüniň gelip çykyşy boýunça din bilen baglanyşyklydyr. Günä bilen sogap hem şonuň ýalydyr. Dini düşünjeleriň esasynda o dünýä, dowzah hem jennet ýaly düşünjeler ýatan bolsa, dünýewi-ahlaky ýörelgeleriň esasynda türkmen döwletiniň, türkmen jemgyýetiniň, Altyn asyryň öňündäki borç duýgulary ýatýar.
Özüniň düýp aýratynlyklary boýunça aýala ikinji derejeli şahs hökmünde garan yslam hem türkmen durmuşynda aýalyň omuny peseldip bilmedi. Sebäbi aýalyň durmuşda tutýan şol uly omy türkmeniň has gadymy ynançlary, onda-da ruhy ynançlary bilen baglanyşyklydyr. Ruhy ynanç diýmek bolsa, bir görnendäkisinden juda uly zatdyr. Şu wagta çenli materialistler durmuş ynanjy döredýär diýip geldiler. Emma taryh, hakykat tersine şaýatlyk edýär: ynanç durmuşy, şol sanda taryhy durmuşy-da döredýär, ruhy ynanç durmuşy dolandyrýar, oňa dowamatyň görnüşlerini hem usullaryny berýär. Biziň arheologlarymyz Türkmenistanyň iň gadymy oturymly ýerlerinden beýleki tapyndylar bilen birlikde aýal hudaýlarynyň örän köp şekilliklerini tapýarlar. Ata-babalarymyz aýala hudaý, keramat hökmünde garapdyrlar. Şeýle ruhy ynanç, ruhy garaýyş degişlilikde aýalyň durmuşdaky ornuny-da kesgitläpdir. Keramat hökmünde garalýan aýalyň durmuşdaky erk-ygtyýary, hukuklary örän uly bolupdyr.
Yslam dininiň gelmegi bilen türkmen aýaly, elbetde, hudaýlyk ähmiýetinden kesilipdir. Emma oňa keramat hökmünde garalmagy ruhy ynançlarda-da, janly durmuşda-da dowam edipdir. Göroglynyň aýaly Agaýunusyň şahsyýetini ýatlaň. Agaýunus – perizat. Periler bolsa, adamdan akyl-paýhasy, aslyýeti, ahlak sypatlary boýunça has ýokarda durýarlar. Olaryň asly – otdan. Ot türkmeniň ruhy düşünjesinde keramatyň nyşanydyr. Ot arassalaýar, ot ýalkym saçýar, ot garaňkylygy aradan aýryp, nur saçýar. Orta Aziýanyň beýleki halklarynyň ynançlaryndan tapawutlylykda türkmenlerde periler diňe aýal jynsly diýlip hasaplanylýar.
Şeýle ruhy ynanç aýalyň jemgyýetdäki ornuny-da, maşgaladaky ornuny-da kesgitleýär. Taryhy kitaplar türkmenlerde dürli döwürlerde patyşa aýallaryň bolandygyna şaýatlyk edýärler. Aýallaryň içinde şahyrlar, bagşylar, alymlar, hatda harbylar hem bolupdyr. Maşgalada bolsa, birinjilik elmydama aýala degişlidir. Şonuň üçinem, türkmen dilinde şeýle diýilýär: aýal – maşgala! Bu dil aýratynlygy ruhy ynanç aýratynlygyndan gelip çykýar. Eger maşgala jemgyýetiň esasy birligi bolsa, eger jemgyýet örän köp sanly maşgalalardan ybarat bolýan bolsa, onda türkmenlerde aýal jemgyýetiň eýesidir. Jemgyýetiň ahlagy aýalyň ahlagyna gönüden-göni baglydyr. Şonuň üçinem, bu beýik hakykata oňat düşünen ata-babalarymyz aýalyň erk-ygtyýary, ahlak belentligi hem kämilligi hakynda aýratyn alada edipdirler. Türkmenlerde aýal keramat, ahlak gymmatlygy hasaplanypdyr.
Dünýäniň tagamy durmuşyň eşreti, ýaşaýşyň gözelligi hem gönezligi bolan türkmen aýaly Altyn asyrda ruhubelentligiň täze bir basgançagyna çykdy. Aýal – türkmen ahlagynyň päkligidir!
Ruhnama kıtabyndan
Yazga gecıren:Zümrüt🌺
10
84