Güniň sözi: Top7-lik: (halananlar teswirde)
Ýandagyň güli, tikeni, kökem adam
üçin derman. Ýöne ol ekiniň içinde gögerse adamlar ony köki-damary bilen aýyrmaga
howlugýarlar.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Süýji iýip dişini agyrdan kişiniň, ajy
bilen dişini bejerdişinde many köp.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Obadan oljasy oňan şagal gapanyň hininiň agzynda gurulaýmagynyň mümkindigini unutdy.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Ner ýüküniň üstüne öz gaňňasynyň
atylanyny gören eşek: «Indi-hä, maýrylaýsaň gerek» diýip, hynçgyran bolupdyr.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Awuny şire aldyran böri açlykdan zeýrenmez.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Gül gurandan soň onuň baldagyndaky tikenleri has berdaşly görünýär.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Maýmyna tans etmegi öwrenýänçä
süýji berdiler.
Çary Kulyýew
(Şeýle postlar dowammy?)