Archi
19.05.2022 00:04
IRMÄN-ARMAN IŞLEMEK


Ýadawlygy duýman, irginsiz işläp bolarmy?. Her işimizi gerdene labyr, beýnä artykmaç agram salmazdan, aňsatlyk bilen bitirip bo-larmy? Hiç hili ýadaman, bizar bolman, irmän işlemek mümkinmi?.
Bu sowallaryň ählisine «elbetde, hawa, hut şeýle» diýip, jogap berip bilýäris. Onda «nädip ýadaman işläp bolar?» diýen sowal ör-boýuna galar. Jogaby taýyn: «Ýadawlygy duýman işlemekçi bolsak, ilkibaşda ony mazaly öwrenýänçäk, uýgunlaşýançak we endik edýänçäk birba-da ýadamagymyz gerek». Başda bir ýadap, endigiňe öwrüp bilseň, soňra şol işde argynlyk duýmarsyň. Ine, ýadaman işlemegiň iň yg-tybarly ýoly hem, bar syry hem şundan ybarat. Öwrenýänçäk, en-dik edýänçäk ýadarys. Soňra şol işiň başyna bardygymyz, bes, hiç hili ýadawlygam duýmarys, irmerisem. Ýöne şol menzile ýetýänçäň birbada ýagyrnyňy derletmeli boljakdygyny ýadyňdan çykarma.
Ilkibada ýadarsyň, öwrenersiň, ele alarsyň we dura-bara endige öwrersiň. Özüňize göz gezdirip görüň, endik eden zadyňyzda hiç ýadawlyk, argynlyk duýýan dälsiňiz.
7
43
❤GÜLHANYYM❤
19 May 2022
Işiñi söýùp uly höwes bilen işlemek,lezzet almak,şonda ýadamarsyñ👍
Wepamurat
19 May 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍😁
Archi
19 May 2022
Yagsymyradowa,Harika😇, sps haryka üstünlik arzuw edýän ikiňizede

Caryyewajeren, salam senkem barmyň? Gowjamy?...☺

Caryyewajeren, salam senkem barmyň? Gowjamy?...☺
Caryyewajeren
19 May 2022
Archi,salam gic yagsy
ay_kiz_
19 May 2022
👌👍👍👍👍👍
Yagsymyradowa
19 May 2022
👍👍👍👍👍👍
Archi
19 May 2022
Milaya_🌺,Caryyewajeren, Sagbolyň ýene Salamlar...
Caryyewajeren
19 May 2022
👍👍👍👍👍👍
perizadym
19 May 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.