Archi
18.05.2022 20:14
KÄŞIR, ÝUMURTGA WE KOFE DÄNESI


Ýaş gyzlaryň biri kakasynyň ýanynda durmuşda duş gelýän käbir kynçylyklary ýeňmegiň kynlygyndan zeýrenipdir. Olara garşy durar dan ejizdigini, boýun bolmakdan başga çykalgasynyň galman-dygyny, her bir zada janyny ýakyp ýörmekden irendigini aýdypdyr.
Kakasy gyzyny aşhana çagyrypdyr, sebäbi ol aşpez bolup işleýän eken. Ol üç jamy suwdan dolduryp, gyzgyn oduň üstünde goýupdyr.
Dessine üç tabagam gaýnap başlapdyr. Kakasy birinji jama käşir, ikinjisine ýumurtga, üçünjisine birnäçe kofe dänelerini atypdyr.
Soňra gyzyna bakyp: «Hawa, nämeleri görýärsiň?» diýip sorapdyr.
Gyzy: «käşir, ýumurtga we kofe...» diýip jogap beripdir. Kakasy bu jogap bilen çäklenmändir, käşiri elläp we dadyp görmegi gyzyndan sorapdyr. Gyzy kakasynyň diýenini edipdir. Ol käşiriň gaýnap maza-ly bişendigini we bişmekden ýaňa salparandygyny bilipdir. Soňra ýumurtganyň gaby gyny aýyrmagy tabşyrypdyr. Ýumurtganyň içi agy ak ýerinde, sarysy sary ýerinde gatapdyr. Soňra kofe dänelerini barlap görmegi sorapdyr. Gyzy ajaýyp tagamly kofäni başyna çekip-dir. «Men bularyň ählisinem dadyp gördüm, ýöne bulary synamak bilen meniň meselämiň näme dahyly bar?» diýip, gyzy dillenipdir.
Kakasy gyzynyň başyny sypalap: «Gyzym, käşir, ýumurtga we kofe üçüsi şol bir garşylygy gördi. Şol bir gyzgynlykdaky gaýnag suwda deň mukdarda saklandylar. Ýöne olaryň hersi bir-birinden tapawutly ýagdaýa geçdiler, özgerdiler. Görmeýärmiň, käşir ilkibada berk, ter we güýçlüdi, ýöne az-kem suwda gaýnany bilen, myssaryp galdy, ejizledi. Ýumurtganyň daşky gabygy içindäki suwuklygy şol durşuna saklaýardy, ýöne şol suwuklyk gaýnag suwuň gyzgynlygyna uçranda, suwuklygyny ýitirip, gatap galdy. Kofe dänelerine seret, ol öz taga-myny birjik-de ýitirmedi, gaýta suwuň öz reňkini we tagamyny üýt-getmegi başardy. Hany, sen aýt, eýsem-de sen daşyndan ter we sag-dyn görünýän, ýöne sähel gyzgynlyga, dartgynlylyga, kynçylyga döz gelmän, dessine myssarýan, güýjüni, erkini giderýän käşirmi? Ýa-da sen ýumşak göwünli, ak ýürekli.., ýöne müşgillikler gabat gelende gataýan we berkeýän, gatap galýan ýumurtgamy? Edil ýumurtganyň daşky gabygyny-daşky keşbini üýtgetmeýşi ýaly, daşyňdan göräýmäge allanäme bolsaňam, suw ýaly ýüregiň gatap galýan ýumurtgamy?
Ýa-da sen yhlasy, zandy-tebigaty bilen suwuň özüni özgerdýän kofe dänelerimiň? Görmeýärmiň, ol suwuň özüne hem reňk, hem tagam berdi» diýipdir. Eger sen kofe däneleri ýaly bolsaň, duş gelýän her bir ýagdaýy we töweregiňdäki ýagdaýlary hem has gowulyga tarap özgertmäge ukyply bolarsyň. Oýlan, gyzym» diýipdir.✏

👍200 👀1000
15
149
zolushka
18 May 2022
Archi,Aýgül.
unknown_12
18 May 2022
Archi,😊башардыгымдан хокман 👍
Archi
18 May 2022
Perman., dos seň postlaryňam gowy senem ýetiripdur
unknown_12
18 May 2022
Archi,довамлы болсун 👍👍👍
Archi
18 May 2022
Perman., sps
unknown_12
18 May 2022
Говы хекая соз ёк👍👍👍👍👍👏манылы
Archi
18 May 2022
Zoluşka, adyn kim ? Mumkin bolsa?...
zolushka
18 May 2022
Archi,Salam. Gowmysyňyz.Lebap.
Archi
18 May 2022
Zoluşka, sagbol sen nirden ?
zolushka
18 May 2022
Gije kofe içýänler bolsa geliň sizem😁👍👍☕☕
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.