Ýalandyr ynanmañ , güler ýüzlere
Añzak gyşda garaşanlam gelmedi
Seni söýýän diýenimem soñunda
Köne köwşiñ ýyrtygyna degmedi
Haýyşymdyr özgelere ynanmañ
Bermäñ ýüregiñizi , göziñ halana
Ýalnyz goýar , ýykylarsyñ soñunda
Şonuñ üçin gelen ýaly hamala...
Söýüñ eneñizi , söýüñ atany
Öpüñ ellerinden , aýaklaryndan
Her demde gujaklañ , biliñ gadyryny
Gaty görme iyen taýaklaryñdan
Şol taýaklar bilen adam bolansyñ
Özge ýaly uran däldir arkañdan
Gorksañ gujagyna dolansyñ ylgap
Goýgunyñ olara beýik sarpañdan.