Seniň her bir garyş, daban ýeriňde,
Pederleň zähmeti, ylhamy bardyr.
Seniň uçgyraksyz ymgyr çölüňde,
Müň derdiň dermany, melhemi bardyr.
Men bu dünýä ýöne ýere gelemok,
Goýnuňdakylary söýmäge geldim.
Arman, entek barsyn söýüp bilemok,
Ynha men diňeje şulary söýdüm.
Myhman üçin barja baryndan geçýän,
Her ojagyñ rysgal ,duzuny söýdüm.
Watan üçin şirin janyndan geçýän,
Mert-edermen ogul-gyzyňy söýdüm
Hersi ömre ajap umytlar baglan,
Gyş-u-güýzi, tomus,
ýazyňy söýdüm.
Gujak açýan sähräň,
baýyrlaň,
daglaň,
Ajap tebigatyň sazyny söýdüm.
Söýgi tutaşyp köremegi üçin,
Kalpda ot döreden közüňi söýdüm.
Ähli duýgulaň döremegi üçin,
Ilki bilen seniň özüňi söýdüm.
Saňa bolan söýgim aýlaýar seri,
Senden aýyrmasyn, Ýaradan Hudam.
Göbekden ganymyň damanja ýeri,
Türkmenistan adyň -ýürekde mydam!
Ylham GURBANALYÝEW
#arhiwden
#(öň hiç ýerde paýlaşylmadykdy)