Ussat Suratkeş we Şägirt
17.05.2022
1
Hekaýa
14
820

Ussat Suratkeş we Şägirt.


Ussat suratkeşiň okuwçysy okuwyny tamamlady. Meşhur ussat okuwçysy bilen hoşlaşdy.  Şägirdine: "Iň soňky çeken suratyňy şäheriň iň köp adamly meýdanyna goýup bilersiňmi?"  -diýdi.

"Suratyň gapdalynda gyzyl galam hem goý. Adamlardan suratda halamaýan ýerlerine haç goýmagyny haýyş edýän ýazgy goşmagy ýatdan çykarma."  -diýdi.

Şägirt birnäçe günden soň surata  seretmäge gidipdir we suratyň haçlar bilen dolandygyny görüpdir.  Ol gamgyn ýagdaýda  ussadyň ýanyna gelipdir.  Ussat suratkeş oňa gynanmazlygy we surat çekmegi dowam etdirmegi maslahat beripdir.

Şägirt suraty täzeden çekipdir .  Ussat ondan ýene suraty şäheriň iň köp adamly meýdanynda goýmagyny aýdypdyr.  Ýöne bu gezek oňa dürli reňkli boýaglardan we birnäçe çotgadan doly palitrany hem ýanynda goýmagyny aýdypdyr.

Adamlardan halamaýan ýerlerini düzetmegini haýyş edýän ýazgyny suratyň ýanynda goýmagyny aýdypdyr.  Şägirt özüne aýdylan zatlary edipdir.  Birnäçe günden soň görmäge gidipdir we suratyna hiç-hili  degilmändigini görüpdir .  Ol begenç bilen ussadyň ýanyna ylgapdyr.

Ussat suratkeş şeýle diýipdir: "Ilkibaşda, adamlara pursat döredilende adamlaryň nähili rehimsizlik bilen tankytlap kemçilikler ýagdyrýandygyny gördüň  . Hatda ömründe hiç haçan surat çekmedik adamlar hem gelip suratyňy garaladylar.

Ikinji gezekde bolsa;  pozitiw, döredijilikli, oňyn bolmaklaryny islediň.  Döredijilikli bolmak okuwy talap edýär we hiç kim bilmeýän zadyny düzetmäge het edip bilmedi.  "

zumerret_
3 Sentýabr 2024
Hiç hilli pikiri bolmdyk adam hem senden kemçilik gözlemage çalyşar 🤷🏻‍♀️
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2022
♥️Gülhanym ♥️ salam gowmy öňki agzalar barmy bärde
Myhman Myhman
13 Iýun 2022
👍👍👍👏👏👏
okayjy
6 Iýun 2022
👏👏👍👍👍
Ayjennet
24 May 2022
Köçäni supurup arassalayanlaryn, edaralarda poly yuwýanlaryn azabynada hormat goymaly
unknown_12
20 May 2022
D.S,👍👏довам
Myhman Myhman
18 May 2022
👍👍👍👏👏
ŞirnazarTaganow
18 May 2022
👍....
Chemka
18 May 2022
D.S,haladm cunnur manyly jumleler 👌👍
Myhman Myhman
17 May 2022
Hawwa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.