Elbetde, arzuw etmek ýa-da maksat edinmek aňly durmuşyň hökmany häsiýetidigini gowy bilýäris. Bilşimiz ýaly, hemme zada ýetip bolmaýar. Munuň bir sebäbi bar - adamlar öz maksadyna ýetmegiň hereketini etmezden, has köp arzuw edýärler.
Maksat arzuwdan tapawutlanýar, sebäbi oňa ýetmekde yzygiderlilik we tapgyrlaýyn hereket etmeli. Arzuwlar bolsa köplenç, tötänlik, hereket etmezlik we näbellilik.
Bir mysal getireýin: İki sany gahrymanymyz bar: "Wepa we Durdy. Ikisem, häzirki döwürde "moda" bolşy ýaly, baý bolmagy arzuw edýärler.
Bularyň tapawutlanýan ýeri, Wepa "düýş görýär". Adaty durmuşda ýaşaýar we diňe bir gün baý boljakdygyny aýdýan geljegi hakda arzuw edýär. Hemme zat onuň üçin gowy bolar. Häzirlikçe, bu gahrymanymyz bar zady bilen kanagatlanýar.
Durdy bolsa arzuwyny birnäçe tapgyra böldi: İş we meýilnama hakda günde 30 minut okaýar. Özüni passiw girdeji çeşmeleri bilen üpjün edýär. Her aýdaky girdejisiniň 10%-ini artdyryp bilýär we ol her aý artdyran pullaryny jemleýär. Gahrymanymyzyň öz hasaplamalaryna görä, ýene 6 ýyldan dagy öz maksadyna ýeter".
Islendik arzuw, hatda iň manysyz arzuwlar hem ýetip boljak maksada öwrülip biler. Diňe hereket etmeli we arzuwy maksada öwürmeli. Arzuwlarymyz mümkin däl ýaly görünip biler. Ýöne bir zady ýadyňyzdan çykarmaň: "Mümkin däl zat diňe wagt meselesidir. Diňe wagty yzyna gaýtaryp bolmaýar".
Arzuw etmek süýji, ýöne hereket edip arzuwy maksada öwürmek ondanam süýji.