Daş töweregimize seredenimizde, köplenç garry adamlaryň saçlarynyň ak reňkde bolýandygyny görýäris. Şeýle-de bolsa, ýaş wagtyndahem saçlary agarýan adamlar bar.
Saçyň asyl öz reňki akdyr... Saçyň tebigy reňkini berýän pigmentiň ady bolsa melanin. Bu pigmentiň döremegi heniz biz dogulmazymyzdan ozal başlaýar.
Goňur, gyzyl we gara saçlar melanine örän baýdyr, çal saçlarda melanin gaty az, ak saçlarda bolsa ýok. Saçyň reňki saçyň görnüşine, melanin pigmentiniň mukdaryna we paýlanyşyna baglydyr.
Saçyň pigment gurluşyna täsir edýän, garaňky we ýeňil bolmagyna sebäp bolýan käbir faktorlar bar.
Olar genetiki näsazlyklar, dowamly stres, melanin önümçiliginiň deňagramsyzlygy, himiki maddalaryň täsir etmegi we howa şertleri sebäpli döreýän gormon önümçiligi sebäp bolup biler.
Saç agarmasynyň sebäpleri:
Stress bedeniň içinde we daşynda köp problema döredýär.Gaty güýçli aladalar bedenimizdäki neýrotransmitterleriň önümçiligini artdyrýar we DNK-nyň zaýalanmagyna sebäp bolýar.
Başdan geçirýän erbet zatlarymyz bedenimizde depressiýa, gynanç we gaýgy ýaly şöhlelendirilýär. Başdan geçirýän duýgy kynçylyklarymyz saçymyzyň ak bolmagyna sebäp bolup biler.
Ýerlik däl we deňagramsyz iýmitlenmek bedenimizdäki ähli funksiýalara ýaramaz täsir edýär we bu saçymyzda öz beýanyny tapýar.
Ganazlyk we immun ulgamynyň bozulmagy hem sebäp bolýar we bu, çagalarda hem saçyň agarmagyna sebäp bolup biler.
Genetiki ene arasynda bar bolsa bu tiz saç agarma nesillerede geçip bilýär...
Saçdaky çal we ak ýerlere lukmançylykda polioz diýilýär. Bu dogabitdi we soň ýaşaýşyň dowamynda hem ýüze çykyp biler.
Käbir saglyk problemalary saçdaky melanin öýjüklerini ýok edýär we saçymyzyň ak bolmagyna sebäp bolýar.
Polioz bilen baglanyşykly saçda saglyk problemalary:
Albinizmde bolsa doga melanin pigmenti ýoklugy sebäpli deri, saç, kirpik, gaş, birtekiz reňksiz ak ýagdaýda bolýar... Bu nedilden-nesle gećýän genetiki näsazlykdyr...
Esasy haýsy sebäpler bilen saćlarymyz juda ir agaryp biler?!
B12 witamininiň ýetmezçiligini başdan geçirmek
Hünärmenleriň pikiriçe, ýaş wagtynda saçyň agarmagynyň iň uly sebäbi B12 witamininiň ýetmezçiligi. Bu ýetmezçilik saçyň düşmegine hem sebäp bolup biler.
Tiroid (galkan şekilli mäz) funksiýalarynda kynçylyk çekmek. Geçirilen gözlegler, tiroid problemalarynyň saçyň kökünden ujuna täsir edýändigini ýüze çykardy.
Sagdyn iýmitlenişiň bozulmagy .Bu ugurda geçirilen dürli gözlegler kalsiniň, D witaminiň, mis, sink we demir ýetmezçiliginiň bu meselä sebäp bolup biljekdigini tassyklaýar.
Üznüksiz stres we aladany başdan geçirmek. Stress we aladaly bolmak, saçyňyzyň täzelenmegine jogapkär baldak öýjüklerine täsir edýär, saçyňyzyň wagtyndan öň agarmagyna sebäp bolýar
Himiki saç önümlerini we zyýanly boýaglary ulanmak. Şampunlardan başlap, saç boýaglaryna çenli saç önümleriniň köpüsi saçyň agarmagyna sebäp bolup biler.
Bu önümlerdäki zyýanly himiki maddalar, saçyňyzyň tebigy reňkiniň ýitmegine sebäp bolýan melanin önümçiliginiň derejesini peseldýär.