Doly gutarýança okamagyňyzy maslahat berýän;))
Ýürek poemasy...
BIR başyň bar, müň işiň bar dünýäde,
Müň şükür! Ýykylyp galmaýşyň besdir.
Baryna ýetmeli paýy-pyýada,
Tigirçek hökman däl –
Şu köwşüň besdir.
Bir köwşüň tozdumy – ýene bir köwüş,
Ikinji tozdumy – üçünjä çalyş,
Her bagy çözlende ýer bilen emiş,
Toprak ajykdyrmaz –
Şol aşyň besdir.
Ertir bolmaz ýaly dilleriň peltek,
Täze menzillere ýetmeli entek.
Duşsa-da ýoluňda müň dürli kötek,
Diýme: “Dynç gulagym,
Aç başym besdir!”
Haýwana mahsusdyr aç baş, dynç gulak,
Ynsana mahsus zat – döretmek, gurmak,
Döredilýän ýerde dynç almaz gursak,
Öň ene bagrynda
Dynç alşyň besdir.
Ýöremeli ýoluň gysgamy, uzak –
Durmak jenaýatdyr ýatýança ýürek.
Diýýärler: “Ýüregi aýamak gerek!”
Dogrudyr.
Ýöne öz aýaşyň besdir.
Ýürege girmezmiş ýüregin aýan,
Ýürek aýan – bermez iline peýan.
(Gapdalyňda barka bir tebip aýal –
Ýürek işlär.
Ýalňyz syrdaşyň besdir).
Näçe dartylsa-da kebzäňde damar,
Gözüň ejizligi bermesin habar,
Sagmyň ýa näsagmyň – işiňi oňar,
Başda adam bolup
Döreýşiň besdir.
Öz seçen kärini oňarsa her kim,
Ýarpy ýeňledermiş dünýäniň ýükün.
Ýekeje hünäre ýöretseň höküm –
Iliňe bergidar bolmaýşyň besdir.
Sowal berdi student gyz Roza:
“Puşkin ýaly haçan ýazjak proza?”
Jogap berdim: “Ili goýman azara,
Goşgymy oňarsam,
Şol işim besdir!”
Ýene biri diýdi: “Misli, Pyragy,
Sözleň merjeninden döret bir dagy!”
Men diýdim: “O zatlar möçberňe bagly,
Dag däl,
Meniň üçin bir daşam besdir!”
NANYŇY
goşgudan berse-de ykbal,
Goşgudan öň
adam bolmagyň hökman
Şygyr bilen uly ynsap birikmän –
Şahyr-da, ynsan-da bolmaýşyň besdir.
Ak bilen garadyr garagyň reňki,
Şolaň haýsy seniň ýüregiň reňki?
Birisini saýlap, diýme: “Şu meňki!”
Iller aýdar –
Birje ýylgyrşyň besdir.
Ömrüňde etdiňmi kişä bahyllyk?
(Ili bahyllykdan gorar şahyrlyk!)
Dünýäde bir müýnüň – aşyk Tahyrlyk.
Täk däl.
Goşa söýgä ýugrulşyň besdir.
Nirelerde ýörsüň ilkinji söýgi?
Bir ýerlerde barmyň gyzlaryň tugy?
Gumdan owaz geldi “Eý, yşkyň ogly,
Men bar.
Ýöne maňa … guwanşyň besdir!”
Nirelerde ýörsüň, ilkinji söýgi?
Bir ýerlerde barmyň bagtymyň bagy?
Öýmüzden ses çykdy: “Eý, adam ogly,
“Söýýän! Söýýän!” diýip,
Ýaňraşyň besdir!”
Birisi Säheriň, biri Guşlugyň,
Biri Oglanlaryň, biri Ýaşlygyň.
Birinjisi – diňe salamlaşdygyň,
Ikinjä
Ömürlik baglanyşyň besdir.
Şeýdip pähim ýygnap söýgüden söýgä,
Ýetdiň on üç sany gülälek çaga.
Şolardan bäşisin gömüp ak çägä,
Bäş gezek
Gizlenip aglaýşyň besdir.
GÜLÜBER, işläber, saýraber, şahyr.
Hyjuwyň hiç haçan bolmasyn ahyr!
Bäşinji müçede diýdirip jahyl,
Dünýäniň mährinden
Doýmaşyň besdir.
Kalp däldir mähirsiz, söýgüsiz kalp.
(Beýle kalp ýa boşdur, ýogsa-da galp!)
Bir uly ýygnakda ör boýuna galyp,
diýdi biri:
“Şahyr, saýraşyň besdir!” –
Söýgüsiz oňmandyr, oňmazam ýürek.
Ýöne gapdalynda ýigrenjem gerek.
Ogra-jümrä, egrä gelende gezek, –
Diýdi ol – ýöwselläp,
Ýygrylşyň besdir!”
“Örän dogry! – diýdi yzdan bir gelin-
Näm üçin henizem ýatanok galyň?
Agam on ýyl ozal karz alan pulun
Henizem üzüp ýör…
Duýmaşyň besdir!”
Arman, ne sülçi sen, ne-de prokuror.
Ýöne igenmäge gelniň haky bar.
Seniň söz diýilýän ötgür okuň bar,
Atjak-atjak bolup,
Giç galşyň besdir.
Şygyr atylmaly! Ýeňmeli şygyr!
Şoňa arkalanýar her köýen bagyr.
Döwrüň arkasyna düşen ýagyr
Şondan em almaly!
Ýalňyşyň besdir.
Söýgä çürşen bolsa öýkeniň ýary,
Indi il derdinden çürşmeli bary.
Ykbalyňdan nalap, çekmegin zary,
Şeýleräk täleýi
Saýlaşyň besdir.
Şygryňy dokuz aý bagryňda sakla,
Şondan soň stoluň üstüne okla.
Gygyryp dogur-da,
gygyrman oka,
Doglaňda
Gygyryp dogulşyň besdir.
Uludyryn öýtme etseler taryp!
Kiçidirin öýtme peseltse görip!
Ne uly, ne kiçi, ne baý, ne garyp,
Tüýs baryp ýatany-
Şu bolşuň besdir.
Ýalaňaç, aç-suwsuz galmasaň gatap,
Soranlara diýseň: “Aý, bardyr bir tap…”
Bir stol, üç keçe; iki müň kitap-
Başga zat gerek däl,
Şo goşuň besdir.
Işläňde işleseň öz başyň bilen,
Gyşlaňda gyşlasaň öz gyşyň bilen,
Dişläni dişleseň öz dişiň bilen –
Gädijegem bolsa,
Öz dişiň besdir.
Diş hakda, ýaş hakda irräk-le heniz!
Seret, bagyň içi säher dek tämiz,
Hanha iki gelin, ýene-de üç gyz
Saňa lak atýarlar.
Şu ýaşyň besdir.
Joralaň bäşisem misli gül-çeçek.
Ak gelin, seslendi misli ak ýüpek:
“Şahyr, büküljiräp ýöreme entek,
Sen garrama,
Dünýäň garraýşam besdir!”
Katdymy dikledim. Sowuldym ýoldan,
“Dinden çyk-diýlipdir-çykmagyn ilden!”
Oturdym, gülüşdim… Perişde däl men,
Adamdan doglupdym.
Şo dogşum besdir.
Goý, ýaşlyk mährinden güýç alsyn ýürek,
Ikisin okap ber
bir goşga derek.
Okadym. Ýol ogly ýolunda gerek:
“Hoş, gyzlar,
Biderek güýmeşim besdir!”
ÖÝMÜZE ugradym. Şäher lälezar.
Müň bagtly ýigit bar, nowça läle bar,
Olar ne geýme zar, ne-de bala zar,
Guwanyp,
Giň köçä sygmaşym besdir.
Ak şäher gök baga basyrnyp otyr,
Ilerde Köpetdag keserlip otyr.
(Aşgabat tegelek asyrlyk otyr,
Ýene müň asyra
Gol berşim besdir.
Gündizler abadan, gijeler tämiz.
Kempirler owadan, gojalar eziz.
…Gök gapyň agzynda gulpaklyja gyz
“Waý!” diýip gygyrdy.
Ylgaşym besdir.
Bir görsem murtluja dodagyn gemrip,
Ogly atasyna çenäp dur ýumruk.
Ýigidiň ýumrugyn yzyna gaňryp,
Görejine bakdym:
Doňmaşym besdir.
Göreji buz ýaly, gaşlary gara.
Boýy iki metr, saçy üç sere.
Maşynyn dyrmalap seretdi ýere.
Ene hüňürdedi:
“Dogmaşyň besdir!”
Ata bir ah çekdi. Aýylganç dymdy.
(Erkekde beýle zat görmändim şindi!)
Şu nokatdan eýläk geçmäýin indi,
Siz gyýylmaň,
Meniň gyýylşym besdir.
Ýöne men bir zady goýmaýyn kaza,
Ýogsa ýüregimde galar bir yza.
Ata el gatana
gözlense jeza,
Jezalaň
Ulusyn saýlaşym besdir.
Ýene ýola düşdim. Ýagtyldy köçe-
Göründi uzakdan aksakgal goja-
Miweli agaç dek eglip çalaja,
Gelýär ol,
Nurundan ganmyşym besdir.
Tanaýarmyň ýa-da tanaňokmy sen-
Bi:salam geçmäge dälsiň hakly sen.
Saçyň çalarsa-da,
düýnki tokly sen.
Gudraty
Ýüzüňe sylmaşyň besdir.
Göründi ýene bir güneş-
Ak saç ene gelýär ak bagta meňzeş.
Yuwaş! Ýuwaş! Akja “Žiguly”, ýuwaş!
Ene geçsin! Ýoluň baglaşyň besdir.
Akja torbasynda käşirmi sogan,
Ene gelýär! Öňün kesmek gadagan!
Nirä sürnüp barýaň, taksiçi dogan?
Dogranyň kimdigin
Bilmeýşiň besdir.
Çyralaryn ýakdy ýüz ýaşly şäher.
Gyzlaryň deminden döränmiş säher.
Ýöne säher
näçe bolsa-da ýeser,
Agşamy-da
Pesde goýmaşym besdir.
Hanha bir gyz gelýär
Sülgünmi, durna –
Gabaklary ýüpek, ýaňagy hurma.
Iň eziz, iň tanyş
ys urdy burna,
Baş Söýgimi ýatlap,
Köreşim besdir.
Gözleri-de tanyş, gaşy-da tanyş,
Giň alny-da tanyş, dişi-de tanyş.
On sekiz-on dokuz ýaşy-da tanyş,
Keşbin görüp,
Şagga derleşim besdir.
Bir golundan tutup ýandaky joraň,
Ýag dek akdy gitdi. Açyldy aram.
Soraň, eý, agaçlar,
şo gyzdan soraň!
Keşbi tanyş!
Tanap bilmeşim besdir.
Agaçlaň birinden çykdy bir owaz:
“Şahyr, başky Söýgiň balasy şol gyz!”
Şo bada ýüregme girip bir nyýaz,
Esli wagt
Özüme gelmeşim besdir.
Bitipdir, ösüpdir enä mynasyp.
Gözler düýpsüz derýa, nury bihesip,
Söýjek ýigit,
sen bir galma binesip,
Sen jowranma,
Meniň jowranşym besdir!
Barýar topar-topar gyzlar-gelinler.
(şäherliler hem-de myhman gelenler).
Söýgüden aglanlar ýa-da gülenler-
Haýsyňyz köp?
Size ýüzlenşim besdir.
Dymyp geçip barýar gözellik sili,
Her gözel-bir bagtyň sütüni ýaly.
(sütünler saklaýar Watany, ili!)
Şolarsyz
Ýetim dek müzzerşiň besdir.
Joşup Gözelligiň tolkunna görä,
Ýöräber ýaşlygyň akymna görä!
Çokul diýen zat hem akylňa görä
Ykjar eken
Ozal aňmaýşym besdir.
Öň ýanymdan barýar bir harman çogul.
Ýeňseden kükäp dur gözdäki akyl.
Ýanyndaky goç hem – duran bir nakyl!
Toraňňymy ýatlap,
Ýuwdunşym besdir.
Zyýany ýok! Söýüp gyzlaň naýbaşyn,
Öwrenipdiň dünýäň dürsün, ýalňyşyn.
(Söýmedige düşnüksizdir durmuşyň,
Söýen üçin –
Birje dem alşyň besdir).
Dünýäde
şol Aýal sag gezip ýörkän,
Ýüregim daşdandyr, dagdandyr arkam.
Şonuň aýak yzy toprakda barkan-
Ýeri agyrtmaga
Dözmeýşim besdir.
MYDAM Gözellige dikip nazarym,
Gödekligi nyşanama alaryn.
…Myssarmaň, agsamaň, kapyýalarym,
Dim-dik ýöräň,
Size söýenşim besdir.
Bolsada-da myssyklyk, agsaklyk sende,
Eý, goşgym, bolmasyn biparhlyk sende!
Asmanyň astynda, ýeriň üstünde
Diňe
Biparhlardan eýmenşim besdir.
Maňlaýy bulutdyr. Nazary demir.
Gülküsi azapdyr. Ýylgyrşy jebir.
Ne-hä roman okar, ne-de bir şygyr,
Gözleriň görende
Demigşiň besdir.
Bir maýyp ýykylyp, köçede ýatyr.
Biparhlyk seredip, içerde ýatyr.
Ýürekde rehim ýok, gözde howatyr.
Ýüzüne bakaňda
Düwünşiň besdir.
Ili ýagy çapsyn – däldir parhyna,
Bir ýurdy ýer howsun – däldir parhyna.
Gynanmak, guwanmak ýatdyr ruhuna,
Ony düwnük bilen deňeşim besdir.
Goşgym,
çaga däl sen, sakgallysyň sen,
Murtuň towlap, orta çykmalysyň sen,
Kimi öpüp, kimi çakmalysyň sen.
Diňe şonda şahyr ykballysyň sen.
Ýogsa
Gara şaýa degmeşiň besdir.
ÖKJELERDEN gidip çüý dek formalar,
Döräpdir sagyrlak platformalar.
Şeýdiň-de arkaýyn ýöräň, durnalar,
Ýagşy zada
Sizçe begenşim besdir.
Deň ýarysy aşyk, deň ýary dogan,
WUZ-dan çogup çykdy ýüz gyz, ýüz oglan.
Gülgün köýnekli gyz, azajyk eglen,
Söz aýtjak!
Arzuwma meňzeşiň besdir.
Sagrysynda owlak gezibermeli,
Gözlerinde balyk ýüzübermeli,
Ýaňagyna goşgy ýazybermeli
Sen gyzy
Gelinlik belleýşim besdir.
Jaýyň içindenmi ýa-da astyndan,
Enäň sesi geldi ýeriň pestinden:
“Iki horjun puly okla üstümden!
Ýogsa gyz ýok! Pulsuz molaşyň besdir!”
Gorarys, eje jan, gyzlaryň erkin.
Galyň diýen zadyň bereris merkin.
Belläp onuň
üçün,
ýedisin,
kyrkyn,
Soň bolsa,
Aşyndan doýmaşym besdir…
Geçdi gapdalymdan, ýüz oglan, ýüz gyz,
Ädimler edepli, gürrüňler eziz.
Ýöne näçe-näçe hile bar heniz,
Içine gir,
Daşdan synlaşyň besdir!
Salam berip geçdi tanyş bir gelin.
Bagry pide-pide, ýüregi dilim.
Eý, gelin,
asmana ýetýärkä eliň,
Söýgi bilen
Gurjak oýnaýşyň besdir.
Ol ýigide seni çatmandy hiç kim,
Şepbik dek ýelmeşdiň.
Tirkeşdiň üç gün.
Dördünji gün derrew sypadyň saçyn,
Başinji gün
Eýýäm aldanşyň besdir.
Peseltdiň mukaddes mertebäňi sen,
Aýlap ýere çaldyň gyz jygaňy sen.
Indem
başa düşen pajygaňy sen
Içiňe sygdyrman,
Aglaşyň besdir.
Erkin-ygtyýaryň, elbetde, seňki,
Ýöne weli dälsiň özüň özüňki!
Özüň – Watanyňky, Watan – biziňki.
Seni Watan kimin
Gabanşym besdir…
GEPLEDI Aşgabat. Ýaňlandy konsert.
Özgert, aýdym, gödek zatlary özgert!
Her gezek tenime girende bir dert,
Diňe seni diňläp,
Sagalşym besdir.
Tutuş bagrym bilen guwanyp ýagşa,
Öýe ýetip barýan diň salyp bagşa.
Hiý, şu wagtam
signal bolar oguşýar!
Eý, maşyn,
Bimahal gugurşyň besdir.
Göter, Sahy bagşy, ýene-de göter,
Göter, Çuwal bagşy, ondanam beter.
Göterdiler. Serpaý haýsyna ýeter?
Bir serpaýy
Des-deň paýlaşym besdir.
Ikisi-de biri-birinden beýik
(Beýikleň boýuny ölçemek aýyp!)
“Her haýsy bir dagyň örküji” diýip,
Goşa daga
Dep-deň paýlaşym besdir.
Aýdymyň yzyndan ýaňlandy bir saz.
Bu niçik gudratka, bu niçik owaz?
(Mylly atam
gowşat taryňy biraz.
Ogluňy jadylap
Gynaýşyň besdir).
Onýança ýaňlandy ýene bir mukam.
Çalýanlaň ýüregi hazynamykan?
…EÝ, AÇGÖZ,
şuň ýaly baýlygymyz barkan,
Ýene baýlyk gözläp,
Aýnaşyň besdir.
Besdir mukam ýerne çişlik sygnaşyň.
Besdir alkyş ýerne gyzyl ýygnaşyň,
Besdir ili ütüp, gapa sygmaşyň,
Ynsabyňy satyp,
Ýognaşyň besdir.
Özüňki hasaplap il-günüň jübsün,
Sokjap, ýara edip döwletiň göwsün,
Dost-ýaran tutunyp adamlaň pisin,
Halallary
Adam sanmaşyň besdir.
Rüstemiň öňünde-billeriň orak,
Asgynyň öňünde-kamatyň derek.
Diňe agzyň gülýär, gülenok ýürek-
Çaňňalak dek
Sort-sort ýylgyrşyň besdir.
Jaýyňa seretseň-aňk edýär nagşy.
(Daşyn görýär, için bilenok goňşy!)
Ýaşaýyş jaýymy, Şasenem köşgi! –
Nämedigin
Zordan saýgarşyň besdir.
Derwezäniň öňi-giden çarbaglyk.
Şapyrdap ses edýär howzuňda balyk,
Gol çekip alýanyň näçeräk aýlyk?
Ortaça işçiňkä
Deňleşim besdir.
Emma jamyň gyzyl, çäýnegiň gyzyl
Portsigaryň gyzyl, äýnegiň gyzyl.
“Näme üçin dälkä köýnegim gyzyl?”
Müň şükür,
Bir şony diýmeşiň besdir.
Ne ýasda görünýäň, ne-de bir toýda.
(Bilemok çal beýniň niçiksi küýde!)
Goňşyň ýas baglaýar, sen bolsa öýde,
Äpişgeden jyklap,
Gözleşiň besdir.
Daşyňdan seretseň – duran medeniýet
Boýnuňda galstuk, egniňde jilet.
Eýläňde žurnal dur, eliňde gazet,
Diňe tiražlaryn
Barlaşyň besdir.
Öýüňde heňläp dur.
Bäş şkaf kitap –
Puşkin, Baýron ýatyr daş ýaly gatap,
Kerbabaýew dik dur iç-bagry tütäp…
Kitaplaryň diňe arkasyn sypap,
Saraýyň goýny dek
Synlaşyň besdir.
Okaýan kitabyň diňe bir Haýýam,
Şonam öz haýryňa ulanýaň, haýwan!
“Käte köpräk içsem, käýäýse aýal,
Diýýäň: “Şu şahyra
Daýanşym besdir!”
Ähli hereketiň hasaba görä,
Ýeke gymyldyň ýok ynsaba görä.
Diňe içen wagtyň,
kitaba görä
“Içip”,
Haýýamy-da aldaşyň besdir.
Güjügňi-de öz heňiňde jöwledýäň.
Pişigňe-de öz häsiýetiň öwredýäň.
(Goşgymy-da özüň ýaly ownadýaň!)
Eý, goşgym, belent dur!
Ownaşyň besdir.
ŞEÝLE pikirleri kalbyma gaplap,
Barýaryn mukama tenimi taplap.
Eý, mukam, dünýäni hapadan saplap
Bolmazmyka?
Jogap soraşym besdir.
Hapalyk azlykdyr. Tämizlik köplük.
Ýagyberse-durmaz öňünde süplük.
Ýagmaýan adamyň nyrhy bir köpük.
Çak, ýag, göreş!
Guk-paňk oýnaşyň besdir!
Onýança başlandy ýyldyrym urşy.
Birden şaglap geldi tomusyň ýagşy.
Diňse ýagşy,
guýsa ondanam ýagşy-
Ak ýagşy
Ak bagta deňeşim besdir.
Ýaplara gapgarlyp çöp-çalam, hapa,
Çagbanyň güýjünden döredi depe.
Ýene müňder-müňder ugrady çepe!
Gidiber!
Kenardan çogmaşyň besdir!
Çöpler bir-biriniň başyndan idip,
Kirler bir-biriniň üstünden ädip,
Gitdiler…
Dünýänem ýuwarys şeýdip!
Il güýjüne
Umyt baglaşym besdir.
Ýagyş ýagmasyny etdirýär dowam.
(Çabga, sende güýç bar, akylym haýran!)
Süllümbaý boldum-la! Hany saýawan?
Ýok gerek däl.
Kirden ýuwulşym besdir.
Megerem, gygyrsam:
“Ös, saçym, ös, ös!”
Maňlaýma saç biter. Seç, ýagmyram, seç!
Saçym gögermedi. (Gögermänler geç,
Bir mahal
Telpegme sygmaşyň besdir!)
ÝAGYŞ diňdi. Dünýä gül açdy niçik.
Äpişgeler açyk, işikler açyk.
Bütin şäher mawy ekrany açyp,
“Wagty” diňläp otyr.
Säginşim besdir.
Öýmüze çaltrak ýetmeli hökman.
Ýene-de nämeler tapdyka Ak tam?
Pentagon. Neýtron… Ertire çykman
Bir goşgy ýazmaly.
Äwmeşiň besdir.
Ýetdim köçämize. Garaldy iňrik.
Çagalar çapyp ýör gök hyýar gemrip.
Olaryň şatlygna bolup deň şärik.
Gapa ýetenimi
Duýmaşym besdir.
Öýe girdim. Derrew towladym “Wagty”.
Mawy ekran saçdy öýmüze ýagty.
Diýdi: “Eý, adamzat, geçirme wagty,
Erte giç bor.
Bidert ýaýnaşyň besdir! –
Asyryň aýagy – ullakan synag.
Dikeldi dünýäde iň elhenç sorag:
“Ýere miras goýjak nähili sylag –
Adammy, kerpiçmi?-
Saýlaşyň besdir!”-
Soňra howa hakda sözledi diktor.
Tebigatyň erbet howasy ýokdur!
Gökden ajal ýagsa – şol hatarrakdyr.
Eý, Koen,
Ajala çagyrşyň besdir!
Wagşy neýtronyň wagşy atasy.
Belli dälmi saňa dünýäň kartasy?
Öýüň üçin däl-de,
Ýeriň ortasy
Üçin
wagşy ogul dogurşyň besdir.
Berline çen ölçäp garyşma-garyş,
Ýigrimi milliony edipdik bagyş.
Şonda pida bilen öldürilen Uruş,
Ýene-de täzeden
Janlanşyň besdir!
Birdenkä ýene-de ýyldyrym çakdy.
Göýä bir okean topraga çökdi.
Ýeri aklyk tutdy. Garalyk akdy.
Gudrata
Demsalym aňalşym besdir.
ÇABGA kiparlady. Gepleşik tamam.
Gapynyň öňünde eşdildi salam.
Kim bolsaň-da derrew girewer myhman,
Bu dünýäde
Sensiz oňmaşym besdir.
Täze başlan goşgym gutarman ýatyr.
Bu gün ýazylmasa, ýazylar ertir!
Häzirlikçe eziz myhmanym otyr,
Gözlerinden
Gözüm sowmaşym besdir.
Ol gitdi. Ýene-de kakyldy gapy.
Ugradanym birdi, gelenler iki.
Birmi, onmy – deňdir myhmanyň ýüki,
Çydapdym, çydaryn,
Sag başym besdir.
Ätledi gapydan ýegendir ata.
Derrew gözüm düşdi attestat-hata.
Diýdi: “Hany şu ýyl gal-da gaýrata,
Ýegeniňi okat!
Ýaýdanşyň besdir!”
“Okuwlaň haýsyna girmekçi ýegen?”
“Köplük nirä bolsa, şo ýere-de men…”
Garalawjy boljak! “Oňardyň-ow sen,
Bu dünýäniň
Öňki sögüşem besdir.”
“Näm üçin şol ugra dyzaýar hemme?”
Ata gönüledi: “Gözlüje emme!
Sen o zatlar hakda pikire çümme,
Diýenime “Hoş” diý.
Bir “Hoşuň” besdir”.
Diýdim: “Eltäýeli edebiýat, dile?”
Atasy ör turdy çemçesi bile.
“Bälçireme!- diýip, ýylgyrdy çala –
Ol ugurdan
Seniň çygylşyň besdir!”
Ataň sözlerine bersem-de jogap,
Özi-de, ogly-da etmedi togap.
(Olar gitdi, ýene başlandy azap,
Ýazyber, üýtgeme,
Öz bolşuň besdir!)
Özüň üýtgeme-de, üýtgäni üýtget!
Şudur maňlaýyňa çyzylan kysmat.
Şony başarmasaň – gopgunňy bes et,
Kyrk ýyllap,
Bihuda samraşyň besdir!
Baş waspyň bolsa-da Gözellik, Gowluk,
Şeriň gapdalyndan geçmegin sowlup,
Oňa öz sözüňi aýtmaga howluk,
Aýtmasaň ol aýdar,
Giç galşyň besdir.
Watan, baýdak, söýgi, kommunist, il-gün
Bu bäş sözi parhsyz heçjiklemegin,
Dilde däl,
kalbyňda göterip bilgin,
Olardan
Howa dek dem alşyň besdir.
Şygryň bilen edip olara kömek,
Kömek soramagyn kömegňe derek.
Diňe mahal-mahal
sanjanda ýürek,
Il-günden
Kuwwat soraşyň besdir.
Ýagşymy, ýamanmy, şudur ýaraşyň,
Göwräň söýgüdendir, bolmaz gargyşyň,
Iň uly gargyşyň: “Päliň-ýoldaşyň”
Özüňe-de
Päliň – ýoldaşyň besdir.
Arzuwyň –
Ýüz ýaşa bolmakdyr şaýat.
Ýöne uzak ýaşdan taparmyň myrat?
Dertlä em bermeseň, ejize kuwwat-
Ägirt betbagtlykdyr ýüz ýaş diýen zat.
…Il näçe ýaşatsa –
Şol ýaşyň besdir.
Kerim Gurbannepesow.