Paradise
17.05.2022 10:59
MEN SENIÑ GÖWNÜÑDEN ÇYKYP BILMEDIM..."

Men seniň göwnüňden çykyp bilmedim.
Men seniň raýyňy ýykyp bilmedim.
Mert durup, pert durup,
garaman yza,
Köprüleri bir-bir ýakyp bilmedim.

Ýogsam, kaýyldym men, ýetikdi gözüm
Bu uzyn ýollarda sensiz oňjagma.
Men ynanyp,
hiç ynanyp bilmedim
Ýykylan bir göwnüň harabasynda
Bagtyň täze köşgün gurup boljagna.

Hiç zat bolmadyk deý,
göterip kalpda
Pida bolan bir söýginiň gubruny,
Arkaýyn, şadyýan ýaşabermäniň
Tapmadym hiç utgasyny-ugruny...

Bagyşladym... gaýra goýup göwnümi,
Hyýallarmyň ýüzün aldym, ret etdim...
Belki-de, şol bolar iň uly hatam,
Belki-de, bu tutuş ömre medetdir –

Men seniň göwnüňi ýykyp bilmedim...

Kakamyrat REJEBOW
52
66
ylham_gurbanaly
21 May 2022
Hemişekiler ýaly)
Senem
18 May 2022
❤️❤️❤️❤️❤️
❤GÜLHANYYM❤
17 May 2022
👍👌👌👌Gowy goşgulary bar👍
barlagcy
17 May 2022
Gaty gowy tasrli gosgy berekela

Hyyallarmyn yuzun aldym ret etdim
unknown_12
17 May 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.