sahet_ashyrov
17.05.2022 08:29
KINAÝALY DEGIŞMELER

Belli nemes şahyry Moris Zafir (1795-1858) edebiýaty öwrenijileriñ biri bilen mazaly jedelleşipdir.
- Siz diñe pul üçin ýazýarsyñyz! - diýip, edebiýaty öwreniji şahyra teýenesini atypdyr. - Men bolsam, wyždan, at-abraý üçin galam işledýän.
- Gaty dogry aýdýañ! - diýip, şahyr bada-bat onuñkyny tassyklapdyr. - Ikimizem özümizde ýok zatlar üçin ýazýas-da!

* * *

Mark Twen balyk tutup ýören ekeni. Onuñ ýanyna nätanyş biri gelip, dyz epipdir-de, ýazyjydan awynyñ oñýandygyny-oñmaýandygyny sorapdyr.
- Häzir meñ gelip durşum, - diýip, ýazyjy oña jogap beripdir. - Ýöne öten agşam şu ýerden on bäş sany bekre tutdum.
- Çynyñmy? Ýogsa-da, sen meñ kimligimi bilýäñmi?
- Ýok...
- Men şu töweregiñ aw boýunça gözegçisi. Şoñ üçinem gadagan edilen balygy tutanyñ üçin jerime tölemeli borsuñ!
- Ýogsa-da, señ özüñ meñ kimligimi bilýäñmi? - Twen gülüp durşuna ondan sorapdyr.
- Ýok...
- Men şu töweregiñ iñ zyrrajym ýalançysy.

* * *

Bir oturyşykda iki sany ýuwan ýigit Wolteriñ üstünden gülmek maksady bilen oña şeýle sowal beripdir:
- Hormatly ýazyjy, "Bize suw beriñ" diýip gürleseñ dürsmi ýa-da "Bize suw getiriñ!" diýip gürleseñ dürs?
- Siziñ üçin bulañ hiç haýsysam gabat gelenok - diýip, Wolter olara jogap beripdir. - "Bizi suwa ýakmaga güzere äkidiñ!" diýseñiz siziñ häsiýetiñize has laýyk gelerdi...

* * *

Elindäki bilete jogap bermek üçin öñe geçen talypdan bileti alyp, mugallym onuñ birinji soragyny okap:
- Hany, munuñ jogaby nähili? - diýeninde, talyp:
- Mugallym, men ýyl ýüzi şu soraga jogap tapmadym, ähli kitaplary okasamam - diýýär.
Mugallym ikinji soragy okap:
- Onda bu soraga jogap beräý - diýýär.
Talyp şol wagt:
- Diñe ýekeje düşünmedik soragym boldy, olam şu - diýeninde, mugallym:
- Onuñ ýaly bolsa, üçünji soraga jogap berjek hem bolma - diýipdir.

* * *

Bir obada toý bolýar. Bagşy getirilýär. Bagşy ilkinji aýdymyny "Köne güzerden" başlapdyr. Şol wagtam goñşy obadan gelen bir ýigit ýerinden turup, gitmekçi bolýar. Oña:
- Otur, halypa, aýdym ýañy başlady ahyryn - diýişýärler.
Ol köwşüni geýip durşuna:
- Bagşy şu bolsa, ýene iki aýdymdan soñ sesi obamyza ýeter. Men ony öz öýümizde oturyp diñläýjek - diýipdir.

* * *

Tüýdükçi "Ak eşekli" heñini çalyp bolan badyna, gapdalyndaky diñleýänleriñ biri:
- Berekella, dost! Indi "Ak eşeklinem" çalyp ber! - diýýär.
Tüýdükçi:
- Ýañky çalanym şol ahyryn - diýende, diñleýji:
- Asyl, öñden hezil edip otyr ekenig-ow - diýýär.
10
139
Myhman Myhman
17 Iýun 2022
😊😊👍👍...
Myhman Myhman
3 Iýun 2022
👍........
unknown_12
17 May 2022
😊😊😊👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.