16.05.2022
1
Kaktuslar we çagalar.
Mekanyň çölünde ösýän kaktusyň bir görnüşi bar. Agave Kaktusy.
Bu kaktus tekilanyň çig maly boluşy ýaly, ýapraklarynda Sisal atly ýüpek sapak hem bolýar we muny ýüpekden has gymmatly matany öndürmek üçin ulanylýar.
Bir gün bir telekeçi bu kaktuslara maýa goýmak kararyna gelýär.
Uly zawod gurýar we uly we hasylly meýdanda kaktus ösdürip başlaýar.
Ol ýerde kaktuslary has uly we bol ýaprakly edip ösdürip ýetişdirmek üçin her zady gurban edýär.
Kaktuslary köp mukdarda witaminler we baýlaşdyrylan dökünler bilen iýmitlendirýär.
Olaryň edýän tagallalary has uly ýaprakly ösümlikleri öndürip, netije berýär.
Ýapraklaryň içindäki sapaklary ýygnamagyň wagty gelende. Gyzykly waka bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar; kaktuslaryň hemmesinde diýen ýaly bu sapaklar ýitirim bolupdyr!
Ýapraklary has uly boldyr, ýöne içindäki sapaklar ýitirim bolupdyr.
Telekeçi munuň manysyna düşünip bilmeýär we uly ýitgi bilen zawody ýapmaga mejbur bolýar.
Emma wakanyň sebäbini bilmek isleýär we meslenäniň yzyndan galmaýar. Netijede, ol Amerikaly ösümlik biology bilen ylalaşýar.
Ösümlik biology çöle gidýär, bu kaktuslaryň biriniň gapdalynda çadyr gurýar we bir-iki aý kaktusy synlaýar. gözden geçirýär we hasabat ýazýar.
Hasabatda aşakdaky beýannama bar:
"...Bu sapaklaryň peýda bolmagynyň esasy sebäbi çölüň agyr we kyn şertleri. Bu kaktuslary amatly şertlerde ýerleşdirmek bilen ony bu aýratynlygyndan mahrum edipsiňiz..."
Edil şolar ýaly...
Çaga ýetişdirende hem oňa ýamanlyk etmek isleseňiz onda oňa näme islese beriň?
Eger ýagşylyk etmek isleseňiz, degmäň käbir meselelerini özi çözmäge synanyşsyn.
Muny edýän wagty hem özüni kämilleşdirsin.
#Anooshirvan Miandji