zumerret_
16.05.2022 00:06

Türkmenlerde gyz maşgala her ýaşda bir at berlipdir. Gyzjagaz ulalyp göze görnen bolsa, oňa «ulugyz» diýlipdir. Bu sözüň manysy gyzyň ýetginjek ýaşa ýetendigini aňladypdyr. Gyz maşgala hoşsurat we näzenin bolsa «gözel gyz» diýlipdir. Bu sözüň çuň mazmuny ata-babalarymyzyň durmuş pelsepesinden gelip çykýar. Sebäbi biz ähli gözegelüwli, aňrybaş owadan zatlara gözel diýip baha berýäris. Owadan, mylaýym gyza «gözel gyz» diýlip ýüzlenilmegi tebigydyr. Çünki Magtymguly atamyz hem:

 

Gün hanjary gökden ýere inende,

Güne garşy dogan Aýy gözel sen.

Ussa Jepbar işi, senjap jüpbesi,

Yspyhanda gurlan ýaýy gözel sen!

 

— diýip, gözel gyza ýüzlenýär. Nusgawy şahyrlarymyz gyzlary owadan Aýa, Güne deňäp, taryp edipdirler. Gözel gyzlaryň daşky owadanlygy bilen olaryň edep-ekramy hem taryplanypdyr. Türkmen gözeli taryhyň ähli döwürlerinde öz edebini saklap bilipdir. Muňa edebi eserlerimizde döredilen zenan keşpleri şaýatlyk edýär. Şonuň üçin ulugyzyň diňe hulky gözel bolman, onuň edebi hem gözel bolupdyr. Türkmen ýigitleri hem birbada gyzyň daşky gözelligine aşyk bolan ýaly bolsalar-da, onuň akyl-parasadyna, edim-gylymyna sarpa goýupdyrlar. Görüm-göreldesi, mylaýym häsiýeti, zenan mertebesini saklaýşy bilen uly abraýa eýe bolan türkmen zenanlarynyň birnäçesiniň ady taryha girendir. Olar: Altynjan hatyn, Aýjäjek, Törebeg hanym, Tumar şa, Parawbibi ýaly keramatly atlary bilen türkmen zenanynyň mertebesini ýene bir ýola beýgeldipdirler.

Gelin-gyz gözelligi diýlen düşünje ruhy gözelligi-de, keşbiň, egin-eşigiň, edebiň, gylyk-häsiýetiň gözelligini-de öz içine alýar. Sözüň hakyky manysynda gözel bolmak üçin diňe keşbiň gözelligi ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ynsanlyk durkuň gözel bolmagy gerekdir. Magtymguly Pyragynyň «Durasyň geler» goşgusyny ünsli okasaň, asylly türkmen gözeliniň ruhy sypatlary we fiziki keşbi janlanýar.

 

Gözel bardyr gözellerden zyýada,

Anyň hyzmatynda durasyň geler.

Edepli-ekramly, mylaýymzada,

Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.

 

Tebigatyň beren gözelligini utanç-haýasy, pähim-paýhasy bilen bezäp bilýän gyz «gözel» diýen belent baha mynasyp bolupdyr. Türkmen gyzlary ähli döwürde şu bahany pese gaçyrmandyrlar. Çünki nesil terbiýesi, onda-da ýaş gyzlaryň terbiýesi ähli döwürde-de ene-mamalarymyzyň göz astyndan sypmandyr.


12
100
ideallider
16 May 2022
Ýer-ýüzünde iň utanjaň, pespäl, asylly gyzlar diýip menä diňe Türkmen gyzlaryny bilýän😊👍
M899
16 May 2022
bizede nesip etsinda seyle gyz 😋
Relax
16 May 2022
Zümrüt🌺,👍🏻
unknown_12
16 May 2022
Zümrüt🌺,оканын башга дурмуш башга
Relax
16 May 2022
Zümrüt🌺,Ämin dogry bolsunda♥️
Relax
16 May 2022
Zümrüt🌺, hova az ýöne
Relax
16 May 2022
Zümrüt🌺,haýsy gyzlañ düşünmedim🤔
ylham_1989
16 May 2022
👍👍👍👍👍👍
Relax
16 May 2022
Zümrüt🌺,ýok ýalñyş düşündiñ köp gyzlar diýän hiç gözeligi gitmejek ýaly hondan bärsi bolýalar ....on ýaly gyzlar meñ Ruh ekizim däl:)
Relax
16 May 2022
Zümrüt🌺, öz gözeligine guwanýan gyzlar bolmaly hondan bärsi dogrydämi:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.