Kuwadowna04
15.05.2022 11:34
Kimler işlär maňlaý derin suw edip,
Kimler ýaşar bar baýlygyn göz edip,
Kimler bolsa ýalňyşyna ýol gözlär
Sogap bilen kirlan kalbyn düzedip.

Söýmese süýkenme gadryňy bilmez,
Ýaman söz nadanyň ýüregin dilmez,
Baýlyk dälde,many gözle durmuşdan,
Dünýäden göz ýuman yzyna gelmez.

Her ýalňyşlyk sapak eken özüňe,
Söz berdiňmi eýe bolgun sözüňe,
Ataň sözi bilen ýola düşdüňmi,
Dostuň sözi bilen gaýtma yzyňa..
11
39
ay_kiz_
15 May 2022
😘😘😘😘😘
Kuwadowna04
15 May 2022
Perman.,B.....,spasibo😊😊😊😊
unknown_12
15 May 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.