ŞEÝTANYŇ MEÝLETIN ESGERLERI
Mydama şeýtanyň yzynda gezen we onuň esgeri bolan adam, adamkärçilikden çykan we başga bir haýwana öwrülen hasaplanýar. Emma käbir adamlar başga mahluk bolmaga göwünjeňdir. Ýogsa-da näme üçin? Sebäbi olaryň ýaradylyşlary(tebigaty) bozulypdyr, düýp özenlerini ýitiripdirler. Mundan beýläk adamçylykdan çykypdyrlar. Ýagyşylygyň yerine ýamanlykdan keýp alýarlar. Allaha ytagat etmekligiň ýerine, şeýtana boýun bolanynygowy görýärler. Ine, şonuň ýaly adamyň biri, şeýtanyň nähili zatdygyny bilesi gelipdir... Şol ýamanlygyň simwoly nähili zat, nähili işleýär, adama nähili täsir edýär? diýip pikirlenýän ekeni... Günleriň birinde öňünde elhenç bir mahluk peýda bolupdyr... Ol bolsa biraz gorkupdyr, biraz hem haýran galyp, geňirgenip sorapdyr:
- Sen kim?
- Men Şeýtan.
- Allajanlarym!.. Şeýtan! Seni görenime örän şat. Men seni çäksiz söýýärin, örän göresim gelipdi. Tanyşandygymyza nähili begenendigimi bir bilseň... Ýöne senden bir haýyşym bar...
- Näme?
- Meniň seni göresim gelşi ýaly, seniň adamlary azdyryşyňy görmek isleýärdim. Bu gün meni hem ýanyň bilen alyp git, näme edýändigiňi maňa hem görkez.
Bolýar - diýipdir şeýtan... we ýola rowana bolupdyrlar... Şeýtan adamlary nähili azdyrýandygyny, ähli ýamanlyk we günäleriň ýollaryny görkezipdir...
Käbir adamlar şeýtanyň meýletin esgerleridir. Ýagşylygyň ýerine ýamanlykdan lezzet alýarlar.
Günä iş edip ýadandan soň, dynç alýan adam, şeýtanyň dostlugyndan razy bolupdyr... Agşam bolanda, şeýtan: “eý, dost, şu günlük munça ýeterlik.”... diýipdir. Adam örän razy, göýä aýrylmak islemeýärmiş.
- Bolýar - diýipdir, ýöne saňa soňky sowalym hem bar, oňa hem jogap ber, soňra gidiber.
- Sora - diýipdir şeýtan.
- Üstüňde dürli-dürli ýüpler görýärin. Näme bular, haýsy işlerde ulanýaň?
Şeýtan ýylgyrypdyr we şeýle diýipdir:
- Men bularyň üsti bilen ýoluma, yzyma düşjek adamlary baglap çekýärin.
Şol adam geňirgenip, ýene sorapdyr:
- Ýöne men günuzyn seniň yzyňa düşdüm... Emma munuň bilen hiç baglanmadym...
Şeýtan gözden ýitip barýan wagty şeýle diýipdir:
- Men islemeýänleri yzyma düşürmeklik üçin baglaýan... Sütem etmeklik üçin gurnaýan bu ýollary... Emma sen we seniň ýalylar meniňmeýletin esgerlerimsiňiz. Näme üçin sizi baglaýyn, näme üçin ýüp bilen daňaýyn. Özüňiz meniň yanyma gelýäňiz-ä.
Nätjek, ine şunuň ýalylar hem bar...Şeýtanyň işini aňsatlaşdyrýan, hilelerine aldanyp, derrew yzyna düşýänler hem bar. Gynansak-da,öň hem aýdyşym ýaly, käbirleri has erbetdir... Şeýtanyňçakylygy bolmasa-da, özleri ýamanlyklaryň yzyna düşýärler. Hat-da beýleki adamlary hem ýamanlyga çagyrýarlar. Şeýtanlyk wezipesini öz üstlerine alýarlar. Şeýlelik bilen,şeýtan ýyllyk rugsada çykýar. Arkaýyn dynç alýar. Gynansak-da, şunuň ýaly adamlar zerarly...