Eziz gyzym!
Gyz edebiniň baş şerti – ekramly bolmakdyr. Ol enesiniň öňünde-de, atasynyň öňünde-de, özgeleriň ýanynda-da ekramly hem mylaýymzada bolmalydyr. Ebtini oňarman ýörene, synasyna seretmän ýörene türkmen gyzy diýmek bolmaz. Ol bir özüni däl, doganlaryny-da, öý-ojagy-da bezeýär ahyryn.
Gyzyň ýüregi näzik, akyly mähek bolýandyr. Gyzyň zehini oglanyňkydan ýiti bolýandyr. Gyz şonda-da ata-enesinden erkek doganyna garanda, az tamakin bolýar. Çünki, gyz göwni pessaýdyr.
Uýa edebiniň baş şerti – mähriban bolmakdyr.
Naçar uýa dag ýaly erkek doganyň söýgedidir.
Mähriban gyzym!
Türkmeniň zenan edebi gözeldir, manylydyr hem sadadan gelen çylşyrymlydyr. Türkmen adyna mynasyp boljak bolsaň, ony ýagşy öwren, durmuşyňda özüňe mahsus wepalylyk bilen onuň şertlerini berjaý edip ýaşa! Goý, göreniň gözi gitsin! Şonda seniň göwnüň göteriler. Ömrüňe röwşenlik çaýylar!
Yazga geçıren : Zümrüt🌺
Çeşme:Ruhnama II kitapdan.