Adamzat ýaşaýşynyň iň başynda Adam ata we How ene jennetde ajaýyp sazlaşykda ýaşaýardylar. Töwereklerini hasylly agaçlar, owadan güller we ösümlikler, reňkli guşlar we bagtly haýwanlar gurşap alýardy. Olaryň islän zatlaryny üpjün edýärdiler. Gün olary ýyly saklady, agaçlaryň miwelerini iýdiler we kölüň ýyly, arassa suwlarynda suwa düşdüler. Ýöne olara gadagan agaçdan miwe iýmeli däldigi aýdylypdy. Adam ata we How ene uzak wagtlap bu gadagan agaçdan miwe iýmediler we bagtly ýaşadylar.
Emma bir gün How enebir ses eşidip başlady: “Näme üçin bu agaçdan miwe iýmeýärsiň? Munuň manysy näme? Agaç maňa näme zyýan berip biler? How ene agajyň ajaýyplygyny sıňňitli synlady we gadagan edilen miwelerden bir bölek aldy, ýöne durmuşynyň mundan beýläk üýtgejekdigini düşünmedi. Jennet päk we ýagşylyklydy, ýöne How ene şol miwelerden bir bölek alyp, erbetligiň we ýamanyň manysyny öwrendi. How ene bu bilimleri Adam bilen paýlaşdy we olar bagdan häzirki bilýän dünýämize sürgün edildi.
Şeydip olar agyry, açlyk, zalymlyk we ýigrenji öwrendiler. Olaryň Jenneti ýitdi. Hekaýany şu wagta çenli hemmämiz bilýäris, ýöne hekaýa şol ýerde gutarmaýar.
Ine, şol agajyň aşagynda gül gyrymsylygynda gülleýän ilkinji güllerinden täze bir guş dünýä indi. Guş şeýle bir owadandy welin, ganatlary ýalpyldaýardy we aýdym aýdýardy. Zümrüt höwürtgesinde otyrka, bir perişde Adam atany we How Enäni otly gylyç bilen asmandan kowdy. Şol gylyçdan şol owadan guşuň höwürtgesine ot uçgunjygy gaçdy. Şol pursatda guş: "Gün, şöhratly gün, meni täzeden direlt we güýçli et!" aýdymyny aýtdy we ot alawyň içinde gözden ýitdi.
Gün guşuň aýdymyny eşidipdi. Birdenkä ot ýakyldy, höwürtgeden alawlar syçrady we guş ullakan alawa öwruldi. Birnäçe wagtdan soň alaw öçdi. Emma ne agaç, ne-de höwürtge ýandy, ýöne guş ýitdi ... Höwürtgede diňe kümüş çal reňkde kül üýşmesi bardy. Kül titremäge başlady we ýuwaş-ýuwaşdan özüni ýokary galdyrdy. Zümrüt guşy külüň aşagyndan ör boýuna galdy. Kiçijikdi we birneme gyrmyzy görünýärdi, ýöne boýnuny uzadyp, ganatlaryny ýokaryk galdyrdy. Köne guş bilen deň ölçegde bolýança ýene bir pursat ulaldy. Zümrüt başyny galdyryp ýenede aýdym aýtdy: "Gün, şöhratly gün, aýdymlarymy diňe seniň üçin aýdaryn! Baky, baky, hemişe!" Ine-de guşy öz islegi bilen dünýä getirdiler...
Käwagt "hemme zat gutardy" diýlende, durmuşy has berk tutýarys, Zümrüt guşunuň hekaýasyny özümiz bilen baglanyşdyryp "Külümden doguldym" diýýäris. Başga bir söz bilen aýdylanda, Zümrüti asla görmesek-de, onuň barlygyny nädip bilýäris. Zümrüt jennetden geldi we adamzat bilen hemişelik bolar. Demirgazykdan günorta, gury ýerden, deňizden, çöllerden we daglardan geçip, asmanda gaýyp ýör. Obalarymyza, şäherlerimize baryp görýär. Sallançakdaky bäbeklere, mekdeplerdäki çagalara, ofislerde we zawodlarda işleýänlere gezekli gezegine syýahat edýär.
Şol höwürtgedäki külüň içinde doglan guş her ýyl özüni täzeleýär. Ol alawyň içinde ýykyldy we otlandy. Ýöne külünden has uly şöhrat bilen täzeden doguldy we dogulýar... Hemmelere baryp görýär we durmuşy ýagtylyk, gözellik, reňk, aýdym-saz, poeziýabilen doldurýar. Zümrüt ýaş çagalaryň ýanyna baryp, bilimiň miwesini dadyp görmek we durmuşda başdan geçirjek kynçylyklaryny we büdreýişlerini öwrenmek üçin ulalmazdan ozal olara kanagat, bigünälik we geljege umyt berýär.
How Enäniň asmanda bilimiň miwesini ilkinji gezek dadyp görşi ýaly, bizem şeýle bolarys, durmuşymyzyň dowamynda ata-babalarymyzdaky ýaly hemişe ýagşylygyň we ýamanyň boljakdygyny bilýäris.
Biz elmydama durmuşymyzdaky islenip ýa islenmän edilen ýalňyşlyklara garamazdan Zümrüt guşy ýaly bolmalydyrys ... Külüň içinden ýokary galyp, gowy durmuşy tapmalydyryrys!