awesome
12.05.2022 23:21
Adam Fewer'iň "Mümkinçiliksiz"(Improbable)atly kitabyndan 10 sitata

1.“Asyrlar boýy oýnasa-da, hiç bir tomaşaçy sahna çykyp Romeonyň zäherli içgini içmegine garşy bolmady. Gäminiň ahyrsoňy gark boljakdygy belli bolsa-da, “Titanik” -e birnäçe gezek tomaşa edildi. Gutarar gorkysy bilen söýgüden gaçsaň, durmuşdan lezzet almarsyň.Çünki, Romeo ölmeli “Titanik” batmaly, ýöne söýgi hemme zada garamazdan ýaşamaly. ”

2."Küşt durmuş ýalydyr, David"-diýdi kakasy . “Her bölegiň öz wezipesi bar. Käbirleri ejiz, käbirleri güýçli. Käbiri oýnuň başynda, käbiri ahyrynda peýdaly. Emma ýeňiş gazanmak üçin hemmesini ulanmaly. Durmuşda bolşy ýaly, küştde-de hasap ýok. On bölek ýitirip, ýene-de oýunda ýeňiş gazanyp bilersiň. Ine, küştüň gözelligi. islendik wagt hemme zat düýbünden üýtgäp biler. Ýeňmek üçin etmeli ýeketäk zadyň, tagtada bolup biläýjek hereketleri , olaryň manylaryny bilmek we garşydaşyň näme etjekdigini öňünden bilmekdir. "

3.“Geljek , görýänçäň şekilsizdir. Bir teňňäni zyňanyňyzda iki sany geljek bar, biri dükge(орёл), beýlekisi jikge (решка), ýöne sen ony görýänçäň ikisi hem däl. ”

4."Näme üçin saňa ogurlygy öwretdikä ? “Fýodor: -agentiň iň möhüm ussatlygy, bolmaly däl ýerlerden almaly däl zatlary alyp bilmegidir. Aslynda agent bolmak bilen ogry bolmak arasynda kän bir tapawut ýok. Maksat ogurlamak. Ogry gymmat bahaly zatlary ogurlar, agent syrlary. ”

5."Mümkin däl diýen zat ýok , diňe käbir wakalaryň bolmak mümkinçiligi has pesdir"

6."Kararlar dogry ýada ýalňyş däldir.Kararlar karardyr.Sen özüňe görä iň gowsyny saýla."

7."Ýagtylykdan has tiz zat pikirleniş tizligidir."

8.“Her bir saýlawyň ýaramaz netijeleri bolup bilerdi. Esasy töwekgelçiligi bahalandyrmak we azaltmakdy. Töwekgelçilik faktoryny hiç wagt ýok edip bolmaz, doly ýok edip bolmaz. Munuň ýaly zat hiç wagt hasaplanyp bilinmezdi. Bu durmuşyň iň gowy bölegi; islendik zat bolup biler. Her näçe mümkinçiliksiz bolsa bolsun. Bolmajak bir waka hökman bolardy "

9."Durmuşda iň möhüm zat paýlanan kartlar we oýunda bolup bolmazlykdy."

10.Adamlar tutulanda hijem batyrgaý däldi ".
14
55
Relax
12 May 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Возможность комментирования данной публикации было отключена.