Psoriaz keseli, bedeniň öz dokumalaryna garşy ösýän hroniki deri keseli bolup, deride ak teňňeler bilen örtülen örgünler döreýär. Dünýäniň takmynan 1-3% -de görünýän keseldir.
Psoriazda deriniň öýjükleri tarapyndan antigenler döredilýär. Bu antigenler bolsa immunitet ulgamynyň işjeňleşmegine getirýär (derimiziň özi nätanyş madda öndurse-de, beden del madda garşy hüjüme geçmekleri üçin immunitet öýjüklerini oýarýar). Işjeňleşdirilen öýjükler derä gelýär we deride öýjükleriň köpelmegine we psoriaz keseliniň döremegine sebäp bolýar.
Adatça, deri öýjükleriniň täzeleniş aýlawy (regenerasiýa) wagty 28 gün, psoriýazda bu döwür 3-4 güne çenli azalýar.
Öýjükler doly ýetişip bilmeýändigi sebäpli, tiz dökülýär.
Keseliň diagnozy esasan deriniň zeperlenmeleriniň ýüze çykmagy bilen amala aşyrylýar. Şübheli ýagdaýlarda deriniň biopsiýasy edilýär.
🫂 Psoriaz keseli asla ýokaşmaýar. Näsagyň özi bilen habarlaşmak , galtaşmak ýa-da umumy zatlaryny ulanmak arkaly ýokaşmaýar.
Keseliň öz-özünden dikelmek ýagdaýy seýrekdir, ýöne käbir ýagdaýlarda ötmek we agyrlaşma döwürleri bolup biler. Stress, alkogol, wiruslar we bakterial ýokançlyklar alawyň döremegine sebäp bolup biler.
Psoriaz keseliniň iň adaty alamatlary, esasan dyz we tirsek ýaly täsir eden ýerlerde keseliň adyny berýän üsti merjen gabygy ýaly , düýbi gyzyl reňkli örgünlerdir.
Bu örgünler kelläniň, dyrnagyň we jyns agzalarynyň arasynda hem bolup biler.
❗ Bejerilmese, wagtyň geçmegi bilen galyňlaşyp, elleriň we aýaklaryň hereketini kynlaşdyryp biler.
Kesel agyr bolsa saç dökülmesini artdyryp biler
Näsaglaryň köpüsinde deride tegelek, kepek ýaly kesmekler bolýar, merjen gabygy we gyzylymtyl bolsa bu ýagdaýyň ýitileşen görnüşidir. Şuňa meňzeş örgünler epinlerde ýüze çykýar, ony ekzema bilen garyşdyrman tapawutlandyrmalydyr. Oňa diňe el, aýagynda duş gelmek bolsa meňzeşligi sebäpli kömelek (gribok) keseli bilen garyşdyrylyp bilner.
🚭Çilim çekmek keseli hasam güýçlen- dirip biler.
Psoriaz keseli nähili bejerilýär?
Psoriaz keselini bejermek kararyna gelende, hassa bu kararda lukmana garanyňda uly rol oýnaýar.
Bejergi hroniki boljakdygy sebäpli, hassanyň bu bejergini berjaý etmegi örän möhümdir. Köp hassalarda semizlik, gipertoniýa (gan basyşyň ýokarlanmagy) we giperlipidemiýa (ýaglaryň köp bolmagy) ýaly metabolik (iýmitleniş) meseleler bolup biler. Bejergi meýilleşdirilende bu şertler göz öňünde tutulýar. Bejergi keseliň agyrlygyna we durmuşyň hiline zyýan ýetirýändigine görä meýilleşdirilýär.
Bejerginiň maksady agyrlaşdyryjy faktorlardan gaça durmakdyr (gaharlandyrmazlyk, sürtmezlik we ş.m.), mümkin boldugyça gysga wagtda bejeriş wagtynda uzak wagtlap gowulyk üpjün etmek we zyýanly täsirleri döretmezlikdir. Her bir hassa üçin şol bir bejergi ulanylmaýar. Bejergi belli bir algoritm bilen meýilleşdirilýär. Keseliň derejesi, näsagyň ýaşy, bejergini berjaý etmek ukyby hem möhümdir.
Psoriaz keseliniň bejergisinden biri bolan deridäkir kesmekler (teňňeler)keratolitikler bilen aýrylýar. Kortikosteroidli kremler, D witamini bolan kremler ulanylyp bilner. Psoriaz keselini bejermekde nemlendiriji kremler we ýumşak ýuwujy önümler hem peýdalydyr.
Psoriaz keseli, maslahat bermäge ýykgyn edýän keseldir. Näsagyň sagalmaga bolan oňyn duýgulary keseliň gidişine ýakyndan täsir edýär.
Psoriaz keseliniň arasynda iýmitler we bejeriş suwlary hakda maslahat köp berildi.
Gynansagam, beýle usullaryň ylmy bejeriş täsiri görünmedi. Näsaglara alternatiw hökmünde ulanylýan bu usullaryň psihologiki taýdan ýeňilleşdirýändigi we täsirli täsir edýändigi kabul edilýär. Şol sebäpli, psoriazly adamlar üçin lukmanyň gözegçiliginde bolmak we adaty usullardan ýüz öwürmezlik möhümdir.