zumerret_
12.05.2022 10:01

Çagalar durmuşynyň kynçylykly pursatlarynda ene-atalarynyň goldawyna
hem-de düşünmegine ynamly bolmalydyr. Ene-atalar öz çagalarynyň iň ýakyn
hossary bolup, olaryň içki dünýäsiniň ähli çylşyrymlylyklaryna, gapma-garşylyklaryna düşünmelidirler. Hut, şu esasda-da çagalary bilen özara
gatnaşyklaryny guramalydyrlar.
Okuwçylaryň okuwa ýaramaz ýetişmekleriniň, tertipsizliginiň sebäplerine
gowy düşünmek üçin maşgalada çagasynyň özüni alyp barşy dogrusynda pedagog-psiholog ata-eneleriň pikirlerini bilmeli.
Munuň üçin ýörite ýazuw üsti bilen pikir alyşmalar geçirilýär. Çagada şu
aşakda beýan ediljek häsiýetler barmy ýa-da ýok, oňa ata-eneler birin-birin jogap
berýärler:
- ýerine ýetirijilik we gulak asyjylyk;
-ene-atalaryň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek;
-özüni öýde nähili alyp barýar;
- ene-atalaryna, ýakynlaryna eserdeňlik we rehimlilik, zähmetsöýerlik etmek;
- hossarlary, ýakynlary bilen gatnaşyklarda sadalyk hem-de salyhatlylyk,
özgelere tankydy göz bilen garamak;
- öz-özüňi tankyt etmek;
- öý işlerini ýerine ýetirmäge bolan gatnaşyk;
- jemgyýetçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge bolan gatnaşyk;
- çaganyň öz synpyna, mekdebine bolan gatnaşygy.
Pikir alyşmanyň netijeleri maşgalada çaganyň özüni alyp barşyny, onuň okuwa
bolan gatnaşygyny, ýaramaz ýetişmeginiň, tertipsizliginiň sebäplerini seljermäge
kömek edýär. Çagada özüňi alyp barmagy, okuwa gatnaşygy düzetmäge
mugallyma, mekdep psihologyna, ata-enelere uly mümkinçilik berýär.



Yazga geçıren we suraty tayyarlan Zümrüt🌺


Çeşme: Artyknur Nohurow"Maşgala psıhologıyasy"2011y.


"Çaga terbıyanı sallancakdan ".
10
65
unknown_12
12 May 2022
👍👍👍👍👍
ylham_1989
12 May 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Caryyewajeren
12 May 2022
👏👏👏👏👏👏
ideallider
12 May 2022
"Çaga eje-kakasynyň ýüzüdir"
ay_kiz_
12 May 2022
👍👍👍👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.