11.05.2022
1
Podagra, aýak artritiniň (bogun agyry) mediki ady. Kesel metabolik deňagramsyzlykdan döreýär, bu gandaky peşew kislotasynyň konsentrasiýasynyň ýokarlanmagy esasynda sebäp bolýar. Köplenç erkeklerde görülse-de , aýallardada duşmak bolýar.
Esasan hem alkogol içgileri, renklendirijili miwe içgilerini yzygiderli içyänlerde, garry aýallarda bolýar...
Agyry köplenç ukyda wagty ýary gije ýüze çykýar
Adaty sagdyn adamyň alyş-çalyş prosesinde artykmaç peşew kislotasy peşew bilen çykýar. Podagrada bolsa peşew kislotasynyň gandaky mukdary ýokarlanyp, aýagyň bogunlaryna ýerleşýär we kristallaşýar.
Podagra hüjümi ýüze çykanda bogun çişip, gyzarmagy mümkin. Peşew kislotasynyň kristallary töwerekdäki dokumalary gyjyndyryp, gaharlandyrýar we bogunda çişmä sebäp bolýar. Köplenç ownuk bogunlarda görülsede uly bogunlarda hem toplanması az duşanok...
Diagnoz, bogunda we töwereginde kristallaryň bardygyny kesgitlemek üçin rentgen talap edýär. Şeýle hem, peşew kislotasynyň ýokary derejesini tassyklamak üçin gan barlagy tabşyrylyp bilner...
Lukmanyň bellän derman serişdesi täze kristallaryň emele gelmeginiň öňüni alyp, peşew ýolundaky daşlaryň kalsifikasiýasynyň öňüni alyp biler. Bu dermany işjeň podagra hüjümi wagtynda kabul etmek maslahat berilmeýär, sebäbi aşa köp peşew kislotasy köp mukdarda çykýar we agyryly alamatlaryň köpelmegine sebäp bolup biler. Peşew kislotasynyň kristallarynyň ýygnanmagy netijesinde döreýän ýiti çişme artriti, iýmitlenişe we alkogol içgilerine ünsli gözegçilik etmek arkaly ýeňilleşdirilip bilner.
Kesel wagtynda bejerilmese geljekde hemişelik näsazlyklara ýol açar.
Pedagra ýagdaýy bolanlaryň köpüsi iýmit düzedişlerini dolandyryp bilerler. Her gün köp suw içmek, peşew ulgamyny ýuwmaga we peşew kislotasynyň kristallarynyň döremeginiň öňüni almaga kömek edip biler.
💊Podagra agyrysyny ibuprofen ýaly steroid däl çişmä garşy (NSAID) dermanlar bilen ýeňilleşdirip bolýar.
🚫Bu keseli bolan adamlara aspirin maslahat berilmeýär.