Jedel etmek
Jedelde ýeňmek mümkin däldir. Mumkin däldiginiň sebebi, eger siz jedelde ýeňilseňiz, onda siziň ýeňildigiňiz bolar, birdenkä ýeňäýeňizde-de ýene-de siziň ýeňildigiňizdir. Näme üçin? aýdaly, siz gürrüňdeşiňizden üstün çykyp, onuň delilleriniň ýapa degmeýändigini subut edip, onuň aklynyň ýerinde däldigini kesgitlediňiz. Bar, şeýdenem ekeniňiz-dä, onsoň näme? Siz özüňizi asmanyň ýedinji gatynda ýaly duýýanam ekeniňiz-dä. Ol nähili? Siz ony öz artykmaçlyklaryňyzy duýmaga mejbur etdiňiz. Siz onuň mertebesine degdiňiz. Ol siziň ýeňşiňize gynanar. Munuň ýaly ýagdaý barada şeýle bir dana sözem bar.
«Ynandyrsaň adamyny garşy gidip erkine,
Dänmez öňki pikirinden, tiz ynamyň terk eder.
“Ýigrenjiň soňuna ýigrenç bilen däl-de, diňe söýgi bilen çykmak mümkin” diýip, Budda aýdypdyr. Düşünişmezligiň soňuna-da jedel bilen däl-de sypaýyçylyk, salyhatlylyk, dostluk, duýgudaşlyk hem-de özgäniň nukdaý nazaryna düşünmäge ymtylmak arkaly çykyp bolar.
Şeýlelikde, birinji düzgün şundan ybarat» Jedelde ýeňmegiň ýeke-täk usuly— ondan gaça durmakdyr.
Şonuň üçinem özüňiz çözüň: siz näme isleýärsiňiz? Il gözüne ýeňen kişi bolmaklygymy, ýa-da adamlaryň size bolan gowy garaýşynymy?
Sız jedel edıp gördınızmı ? Name üçın jedel edyarıs ? Jedelde utylyp yada utyp name gazanyarsynyz ? Jedel etmek gowy zatmy ? Jedelın nahıllı görnışelerı bar ? Jedel edıljek bolanda name etmelı we etmelı dal ? Jedel nadıp döreyar ?
Çeşme :Deyl Karnegı "Dosty nenensı gazanmaly "
Yazga geçıren :Zümrüt🌺
🙂